Ýigidiň uýasyna sargydy. (Gyz jigilerimiz üçin)
11.01.2024
1
11
367


Ýigidiň uýasyna sargydy





(Durmuşda peýdalanmak üçin soňuna çenli okarsyňyz diýip umut edýän)



Sen öz erkek doganlaryň ynamyna-ynam, mährine-mähir bilen jogap bermelisiň. Agalaryň abraýyna șärikligiň halys ýürekden bolmalydyr.

Agalaryň özüniňem, sözüniňem sarpasyny belent tutmalysyň.

Ony hiç haçan keseki saýmagyn, çünki
doganyňdan kesilip gitjek ýeriň ýokdur.
Başyňa bir iş düşse ýene öňi bilen öz doganyň dadyňa ýeter.

«Bir-ä dogan dözmez, birem dogran dözmez» diýen söz bardyr. Doganyňdan hyzmatyňy gaý gyrmagyn.

Eden işiň, aýdan sözüň bilen özüňe guwandyryp gezgin.

Sen sebäpli erkek doganyň ýüzüni sallamaly bolmasyn.


Hawa, jigim jan! Men saňa düşünýän. Seniňem gezesiň, ýagsy zatlary gömäge ile çykasyň gelýändir. Bu tebigy zat. Şeýle-de bolsa, öz pederlerimizden miras galan ýagşy ýörelgelere, edep kadalara eýerýänden bol, ýalňyşmarsyň.
Esasan hem, toý-tomaşa, märekäniň üýşen ýerlerine baranyňda gyz edebiňi sakla, ýöreýşiňi üýtgetme, iliň gözi ýitidir. Adimiňden tanar. SözIäňde sözüň, güleňde gülkiň çasly çykmasyn.

Egniňe geýjek lybasyňy seljer. Çendenaşa bezenip, gyzyla çümüp ýa-da endamyňa syrlaşyp duran soýka geýip göze ilginç bolmak seniň nämäňe derkar.

llçilikde her töwra adam bardyr.
Ýamanlary ýazgaryp. ýagşylary özüne ýaran edinýänlerden bolgun. «Meni hiç kim tananok, hiç kimiň gözüne ilemok» diýip, göwnüñe getiriji bolmagyn. «ll iliň aýnasydyr» -saňa nazary kaklyşmasyn. «Tüweleme, bir asylly ýeriň çagasy bolarly» diýip, ýüzlerine sylsynlar.

Eger bir berebekgeýlik edip,«göze ilip», «lbaly zat däl bolsaň gerek» diýdiräýdigiň diňe özüňi däl tutuş aslyňy, ata-babaňy-da utanja goýýandygyňa düşüngin. Üstüne ganatyny gerip duran gyzyl ýüzli erkek doganlaryň ary-namysy iliň öňüne düşüp ýören ataň ak sakgaly, jägildäp dünýä inen badyňa agzyňa tutdurylan ene süýdi hakydaňdan gitmesin.






Gyz jigilere sargytlarym, gelin,
senem diňläp otur!





Nahardan soň gap-gaç ýuwanyňda, çaýkyndyňy çem gelen ýere dökmegin.


Saçyňy daranyňda gyrlan tarlaryny berk ýygnagyn. Özüňden özgäniň öňünden çykmasyn.


* * *


Owadan, gelşikli geýinmek bir başga, çendenaşa geýinmek bir başga. Herki zadyň öz serhedini bil!


* * *


Köýnegiň bagjygyny ýokarrakdan çig.


* * *


Hiç mahal daşdan kesekleşip sözleşme.
Abraýyňa şikes ýeter.


* * *


Köpçülikde gaty gülme. Gülki sesiň ýedi
ädimden aňry eşidilmesin. Çasly gülki haýa perdesini ýarýan närsedir.


* * *


Il üýşen ýerde çigit çigitläp, sakgyç
çeýnäp, gäwüşäp oturma. Özüňi tiz
tanadarsyň.


* * *


Saňa giň-giň ädimläp, batly ýöremek
gelişmeýär. Her ädimiň giňligi bir daban bolsun, howlugyp ýöräniňde ädimiň arasy iki dabandan giň bolmasyn. Sen ulugyz ahyry!


* * *


Myhmançylyga baran ýeriňde kän eglen-
me. Gadyryňy gaçyrarsyň.


* * *


Nämährem kişilerden özüňi çekeräk
sakla. Çakdanaşa alçaklyk hem gyz
maşgala üçin ýagşy däl.


* * *


Arassalygy hem-de päkligi özüňe
baýdak edin. Olar seniň mertebäňi beýgelder.





Çeşme: Nesihatlar, edep ündewler maslahatlar atly kitapdan
graz
19 Fewral 2024
Koynegin bagjygyny yokarakdan çig bu name diymek düşünen düşünduraysinda
graz
19 Fewral 2024
Koynegin bagjygyny yokarakdan çig bu name diymek düşünen düşünduraysinda
graz
19 Fewral 2024
Koynegin bagjygyny yokarakdan çig bu name diymek düşünen düşün
graz
19 Fewral 2024
Koynegin bagjygyny yokarakdan çig
kizi
19 Yanwar 2024
👍👍👍👍👍
tmyigit76
13 Yanwar 2024
@medik_, aý hawa
tmyigit76
13 Yanwar 2024
@flowers_, dogry.
tmyigit76
13 Yanwar 2024
@flowers_, dogry. Ýaňky aýdylan jümle nwhili düşünmelikä. "Gyz dogany bolmasyn" Hökman ýüzüňi gyzardar diýen manydamyka 🤔
tmyigit76
13 Yanwar 2024
@flowers_, idili teswir gelmedi weli, okan ýokdur öýdüpdim :))
tmyigit76
13 Yanwar 2024
@flowers_, okadyňyzmy onsaň :))
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.