oras
11.01.2024 16:21
Kaka hakynda

Gözleriň arkaňa garamaz asla,
DiýerArkaýyn bol dünýede barkam".
Bir gezegem aglan dälsiň kemsinip,
Dag kimin törüňde otyrka kakaň.

Bar guwanjy perzendidir,kakalaň,
Göwnüň ýykman alar,zadyň zarykaň.
Durmuşyň lezzetdir,aňsatdyr işiň,
Dag kimin törüňde otyrka kakaň.

Her sözi tapylmaz baýlykdyr bize,
Düşünmeýänlerem düşiner kem-kem.
İň bagtly adamlaryň birisiň,
Dag kimin törüňde otyrka kakaň.
10
43
dokt
11 Yanwar 2024
Sps köp gaty gowy goşgy şular ýaly goşgulary okasam durmuşa bolan höwesim artýar
susom
11 Yanwar 2024
👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.