Bu post diňeje maglumat paýlaşmak maksatlydyr we posty özbaşdak bejeriş üçin ulanmaň ! Alamatlaryň birden biri bolaýan ýagdaýynda degişli hünärmene ýüz tutuň!Egerde lukmançylyk maglumatlaryna durnuksyz bolsaňyz posty okamazlygy maslahat berýän!
GONOREÝA (latynça – gonorrhoea, türkmençe–sözenek) - dünýäde giňden ýaýran Neýsseriň gonokokkynyň döredýän weneriki keseli. Gonokokklar-üsti silindrik epiteliýalar bilen örtülen nemli bardalara zeper edýarler: uretrany (peşew kanaly), ýatgynyň boýunjagazyny, artbujagyň töweregi, göz konýuktiwasyny, agyz boşlugyny we badamjyklaryny.
Gonoreýnyň geçiş ýollary: Gonokokklar, diňe adam bedeninde ýaşamaga uýgunlaşypdyrlar we köplenç jyns gatnaşygy arkaly ýokuşýar. Jyns gatnaşygyndan başga ýol bilen ýokuşmagy kiçijik gyzjagazlarda duş gelýär : gonokokkly iriň we nem bilen hapalanan sürtgüç (polotense) bilen ýuwulanda, unitazyň gapagyndan, keselli ejesi bilen gyzjagazyň düşegi umumy bolanda, hapa medisina gurallary ulanylanda bolup biler. Gonoblennoreýa (göz gonoreýasy) - täze dogulan çagalarda dogrum wagtynda enesiniň jyns synalaryndan geçende ýokuşýar ( haçanda bu çaga gonoblennoreýanyň öňüni alyş çäreler – dogrumdan soň gözüne sulfasil natriý damdyrylmasa ). Uly adamlaryň seýrek düşýär, haçan-da näsag ellerini ýuwmadyk ýagdaýynda gözlerine degse.
Erkek adamlarda gonoreýanyň klinikasy: Inkubasiýa (keseliň alamatlarynyň ýüze çykmasyna çenli gizlin döwür)döwrüniň dowamlylygy ortaça 5 - 7 gün (käwagt 1 günden 1 aýa çenli). Gonoreýanyň göze görünýan kliniki alamatlary inkubasiýa (gizlin) döwründen soň yüze çykýar. Näsagyň arz-şikaýaty boýunça uretradan -peşew kanalyndan (täze ýiti gonoreýa uretriti) ilki nemli-iriňli, soň gögümtil-sary reňkli iriňli damjalar çykýar, içki geýiminde günüň dowamynda hapa tegmiller galdyrýarlar. Uretrany gysanda uly iriň damjasy çykýar. Näsag buşuganda agyry duýýar. Soň täze ýitiräk gonoreýa uretritinde: iriňli-nemli suwuklyk juda az bolýar. Näsag buşuganda känbir azar ýüze çykmaýar, uretrada gyjyklanýan ýaly duýgular bolýar. Soň täze torpid gonoreýa uretritinde: kesel gowşak geçýär, uretradan sähelçe iriňli nem ýa-da ýöne nem syzýar. Şahsy bimazalyk bolmaýar. Dowamly (hroniki) gonoreýa uretriti: Eger-de näsag wagtynda lukmana ýüz tutmansa netijesinde 2 aýdan soň gonoreýa dowamly (hroniki) tapgyra geçýar: uretriti wagtal-wagtal beterleşip bilýar (köplenç, jynsy gyjynmasyndan soň, alkogol içgileri ulananda). Şu döwürde näsag özini sagdyn bolup duýar, sebäbi uretra tarapyndan hiç-hili azr-şykaýatlar ýok, ýone olar bilen jyns gatnaşykda bolan adama gonoreýa geçýar.
Erkek gonoreýanyň esasy çylşyrymlaşmalary: Ýiti gonoreýada çylşyrymlaşmalar seýrek bolýar, emma dowamly gonoreýada hemişe diýen ýaly çylşyrymlaşmalar bolýar: parauretrit (uretranyň içindäki nem mäzleriniň iriňli gaýnaglamasy); prostatit (prostata mäziniň çişmesi); epididimit (ýumurtgajygyň goşuntgysynyň ýiti gaýnaglamasy);orhit (ýumurtgajygyň ýiti çişgini we gaýnaglamasy. Epididimit we orhit köpleç bile geçýärler (bir ýada iki taraplaýyn) - bu agzalar çişip, birnäçe esse ulalýarlar we ýiti agyrly bolýarlar. Näsagyň umumy ýagdaýlary erbetleşýär, T 38-39° bolýar, ýöräp bilmeýär. Eger-de orhoepididimit ikitaraplaýyn bolsa soň näsagda doly önelgesizlik bolýar.
Aýallarda gonoreýanyň klinikasy: Keseliň geçiş aýratynlygy: köplenç gizlin we alamatsyz görnüşinde geçýär ( sebäbi aýallarda uretra gysga we giň, ýumşak dokumalar hem köp). Gonokokklar aýallaryň jyns-peşew synalarynyň nemli bardalaryna düşüp, 5-7 günden soň çişginlik hadysasyny döredýärler. Keseliň zeper ýetiren ýerleriniň köp ojaklylygy (ýatgynyň boýunjygy, uretra, bartolin mäzleri, göni içege we başg.) bilen häsiýetlenýär. Wulwa we waginanyň agzynyň gonoreýasy aýallarda, adatça, duş gelmeýär, çünki uly jyns dodagy daş tarapyndan köpgatly tekiz epiteliýalar bilen örtülen. ( şu ojaklar köplenç, göwreli aýallarda we klimakterik döwürde duş gelýär). Täze gonoreýada ýatgy boýunjygynyň wagina bölegi gyzarýar, çişýär, iriňli suwuklyk akýar. Boýunjygyň agzynyň töwereginde gyzyl reňkde ýüzley ýarajyk (eroziýa) bolýar. Dowamly döwürde ýatgynyň boýunjygy kän çişmeýär we nemli iriň ujypsyz syzýar. Aýallarda gonoreýa iki bölege bölünýar: jyns-peşew ýollarynyň aşaky böleginde ýerleşmegi (wulwit, uretrit, parauretrit, bartolinit, westibulit, serwisit, endoserwisit, proktit); jyns-peşew synalaryň ýokarky böleginde ýerleşmegi (endometrit, metroendometrit, adneksit, pelweoperitonit) – bu ojaklaryň zeperlenmägiň gaýraüzülmesi - önelgesizlik .
Göz gonoreýasy (gonoblenoreýa): bäbeklerde – näsag ejesiniň dogrum ýollaryndan geçen wagtynda ýa-da ejesiniň göwresindekä: gizlin döwri onda 3-4 gün; uly adamlarda - eller bilen ýokanjyň geçirilen ýagdaýynda ýüze çykýar; Klinikasy: gabaklaryň güýçli çişi, iriňiň akmagy, ýagtylykdan gorkmak, gaty gyzaran konýunktiwanyň ganamagy bilen ýüze çykýar; agyr gaýry üzülmesi bolup buýnuz gabygynyň ýaralaryň ýa-da olaryň deşilmegi durýar...
Sözenegiň umumy bejeriş düzgünleri esasy derman serişde: Seftriakson; alternatiw derman serişdeleri: Siprofloksasin,
Оfloksasin, Spektinomisin, Spektinomisin, Sefodizim, Siprofloksasin, Azitromisin.