gunesh_
11.01.2024 10:14

Daşary ýurt aksent sindromy


Daşary ýurt aksent sindromy seýrek fonologiki näsazlyk bolup, merkezi nerw ulgamynyň zeperlenmegi netijesinde näsagyň şiwesi keseki bir şiwä geçýär. Daşary ýurt aksent sindromy näsagyň premorbid çykyşyndan düýpgöter tapawutlanýan lingwistik aksenti ösdürýän hereketlendiriji näsazlykdyr. Patologiki hadysa geçen asyryň başynda fransuz newrology P.Mari tarapyndan beýan edildi. 1907-nji ýylda insultdan soň birden Alsatian aksentini döreden hassany gördi. Häzirki wagta çenli dünýäde bu sindromyň 100-den gowrak bölüminiň bardygy barada çaklamalar bar. Bu näsazlyk köplenç aýallara täsir edýär; daşary ýurt aksentiniň ortaça ýaşy 25-50 ýaşdyr. Daşary ýurt aksent sindromy- adatça insult ýa-da beýniniň çynlakaý şikeslenmegi netijesinde ýüze çykýan gaty seýrek newrologiki keseldir. Onuň häsiýetli aýratynlygy, hassanyň ilki ene dilinde gürläp başlamagy, yöne zeper ýetensoň daşary ýurt aksenti bilen gürlemekligidir.


1941-nji yylda Norwegiýada bomba ýarylanda bir ýaş gyz ýaralanýar we özüne gelende güýçli nemes aksenti bilen gürläp başlapdyr. Şeýle newrologiki keseliň başga bir ýagdaýy Amerikada bolup geçdi, 40 ýaşly bir aýal basgançakdan ýykylansoň rus aksenti bilen gürläp başlaýar. Aksent gaty güýçli bolup, ol pidanyň durmuşyna uly päsgel berýär. Başga bir ýagdaýda, 13 ýaşly ýetginjek komadan çykyp, ene dilinde däl-de, ozal öwrenen nemes dilinde gürläp başlaýar.


Sindrom adam beýninsiniň şikeslenmegi sebäpli huşuny ýitirende ýüze çykyp bilýär. Beýni köplenç täzeden işlemäge synanyşýar we özüne zeper ýetirýär. Käwagt sindrom özüni fiziki taýdan görkezýär we adam wagtlaýyn el-aýaklara gözegçilik edip bilmeýär, käwagt bolsa adam ozal gürläp bilmeýän dilini bilýär.


Daşary ýurt dili sindromy bolan ýagdaýynda beýni täzeden işledilenden soň, adamlar köplenç daşary ýurt dilini ulanmagy ýatdan çykarýarlar we asyl dilini täzeden gürläp başlaýarlar. Ylym daşary ýurt aksenti sindromyny düşündirmäge synanyşýar. ABŞ-nyň Kwinslend institutynyň neýro-ylmy işgärleriniň pikiriçe, bir adam ikinji dili öwrenen bolsa, beýniniň täzeden dikelmegi bilen, funksiýalary ikinji dile geçirýär.


Bu kesel gürlänimizde ulanýan myşsalarymyza gözegçilik edýän beýniniň zeperlenmegi netijesinde ýüze ykýar. Dodaklar, dil, eňek we ses ýaly köp organlary inçe sazlamak arkaly öndürýän seslerimiz, bu sazlamalar sebäpli nähilidir bir sazlaşyksyz bolup başlaýar. Mysal üçin, aşa köp alkogol içilende ses üýtgäp başlaýar we myşsalary dolandyryp bolmaýar, bu şeýle ýagdaýyň ýüze çykmagyna sebäp bolup bilýär.


Daşary ýurt aksent sindromly adamlarda geçirilen gözlegler bu adamlaryň çekimli sesleri aýtmakda kynçylyk çekýändigini ýüze çykardy. Başgaça aýdylanda, bu mesele beýniniň zeperlenmegi netijesinde myşsalaryň hereketlerini we koordinasiýasyny öňküsi ýaly sazlap bilmezlik bilen ýüze çykýar.


Bu kesel diňe 60 adamda tapyldy. Bu adamlardan biri, Robin Jenks Vanderlip, ömründe hiç haçan Russiýa baryp görmedik ýa-da rus topragyna aýak basmadyk adam. Basgançakdan ýykylansoň beýnisine zeper ýeten bu aýal 2 gün komada galdy. Oýananda, gürlemek ukybyny ýitirendigini görýär. Wagtyň geçmegi bilen ýuwaş-ýuwaşdan gürlemek ukybyna eýe bolýar, ýöne tapawudy bilen; Indi iňlisçe däl-de, rus dilinde gürläp başlaýar. Sindrom bilen kesellänleriň iň betbagtlysy 1900-nji ýyllaryň ortalarynda ýaşan aýal bolupdyr. Ikinji jahan urşy döwründe ýarylan bombanyň golaýynda tapylan we kellesine urlan bu norwegiýaly aýal nemes aksenti bilen gürläp başlaýar. Şondan soň goňşulary tarapyndan nemes agenti bolmakda aýyplanýar. Soňky döwürlere ser salanymyzda, 2013-nji ýylda

Tasmaniýaly bir aýal beýnisine ýetiren zyýany sebäpli fransuz aksenti bilen gürläp başlady.


Sebäpleri:


Bar bolan kliniki gözegçilikler, ähmiýetine baglylykda daşary ýurt aksent sindromynyň sebäplerini kesgitlemäge mümkinçilik berýär. Bu hili ýagdaýlarda daşary ýurt aksent sindomynyň ösüşi newrologiki ýa-da akyl bozulmalaryna esaslanýar. Iň belli sebäpleri:


1. Kellede şikes.

Ýaralanan beýniniň şikeslenmegi sindromyň iň köp ýaýran sebäbidir. Gepleýiş motor bozulmalary agyr sarsgynlaryň, kelläniň açyk şikesleriniň we neýrohirurgiki çäreleriň netijesi bolup biler. Adatça öňki huşuň ýa-da komanyň ýitmeginiň fonunda ösýär.


2. Beýni urgusy.

Daşary ýurt aksentiniň peýda bolmagy insultyň atipiki gönüşi hökmünde kabul edilýär. Köplenç bu ýagdaý çep ýarym şaryň beýni zeperlenmeleri netijesinde ösýär. Zyýan zolagy premotor we motor meýdançalaryny, Brokanyň merkezini, bazal ganglýany we serebellumy öz içine alýar.


3. Beýni çişleri


Olar beýniniň maddasyna gönüden-göni basyş we beýni gurluşlarynyň bozulmagy sebäpli gürlemezlige sebäp bolýar. Sindromyň frontotemporal sebite degişii çep insul lobunda ýerleşýän ullakan oligoastrositomanyň rezeksiýasyndan soň sindrom döräp bilýär.


4. Demelinleýji keseller


Binäçe sklerozda häsiýeili gepieýiş bozulmasy, skanirlenen sözleýiş bilen bilelikde serebellar dizartriýasydyr. Şeýle-de bolsa käbir ýagdaýlarda rinofoniýa, fonetik ýoýulmalar we disprosodiýa ýüze çykyp biler.


5. Akyl bozulmalary


Sindrom birnäçe patopsiologiki sindromyň klinikasynda hem ýüze çykýar: isterik psihoz, bipolýar täsirli kesel, Asperger sindromy, PTSB. Şizofreniýadan ejir çekýän bir amerikalynyň agyrlaşan döwürlerinde eden çykyşynda Iňlis aksentini ösdürendigi beýan edilýär.


Alamatlar


Daşary ýurt aksent sindromly näsagyň sözleýşi dogry grammatiki formata eýedir, ýöne fonetik we prosodiki aýratynlyklary boýunça premorbid şiwesinden tapawutlanýar. Akustiki aýratynlyklaryna esaslanyp, beýlekiler ene dilinde gürleýänler üçin adaty bolmadyk daşary ýurt dili hökmünde kabul edilýär. Sindromyň häsiýetli kliniki alamatlary:


— çekimli sesleriň fonasiýasynyň üýtgemegi: fonasiýa wagtyny uzaltmak ýa-da gysgaltmak, dartyş derejesini ýokarlandyrmak, faringalizasiýa, diftonlaryň monofongizasiýasy (iki sesiň bir fonema birleşdirilmegi);


— ene diliniň șiwesine mahsus däl çekimli sesleriň başgaça aýdylyşy;


— sözleýiş intonasiýasynyň üýtgemegi: temp, ritm, saz, stres, pauza.


Daşary ýurt aksent sindromly näsaglar öz dialektlerinde gürläp başlaýan sebitlerine hiç haçan baryp görmändiklerini we ýerli ýaşaýjylar bilen uzak wagtlap aragatnaşyk saklamaýandyklaryny belleýärler.


Daşary ýurt aksent sindromyny bejermek


Sindrom üçin ýörite bejergi işlenip düzülmedi. Adatça, ony düzetmek esasy patologiýany bejermekde amala aşyrylýar: TBI, insult. beýni çişleri, MS, maniki-depressiw psihoz, şizofreniýa we ş.m. Aşakdaky usullar giňişleýin bejeriş maksatnamasynyň çäginde ulanylýar:


Farmakoterapiýa. Serebrowaskulýar potologiýasy bolan näsaglara antihipertansif, antikoagulýant we newroprotektiki dermanlar berilýär. Işemiki insultyň ösüşinden soň ilkinji sagatlarda ulgamlaýyn ýa-da saýlama tromboliz täsir edýär. Akyl bozulmalaryny bejermek üçin neýroleptikler, keýp stabilizatorlary, antidepressantlar we anksiolitikler ulanylýar.


Psihoterapiýa. Psihoterapewtiki bejerginiň usullary aň-düşünje häsiýetli bejergini we maşgala psihoterapiýasyny öz içine alýar. Iň esasy wezipe, özlerini we aýratynlyklaryny kabul etmek bilen hassalaryň jemgyýetçilik we aragatnaşyk işjeňligini saklamakdyr.


Logoterapiýa. Gepleşik terapiýasy sapaklarynyň maksady motorly gürlemek endiklerini ýokarlandyrmak, sesleriň dogry artikulýasiýasyny we sözüň ritmiki gönüşini özleşdirmekdir. Artikulýasiýa gimnastikasy, logo-massaž we wokal bejergisi kömekçi usul hökmünde ulanylyp bilner.

32
305
gunesh_
12 Yanwar 2024
@billygenius98, inşaAlla 🙂
Kenno_Tabi
12 Yanwar 2024
@gunesh_, Sagboluň! ähli talyplaňkam şowly bolsun!
gunesh_
12 Yanwar 2024
@billygenius98, şol 4 ýa 5 üçin kelle agyrtmaýan diňe men öýdýän. 🙄 Şowly bolsun siziňkem. 🙂👍
Kenno_Tabi
12 Yanwar 2024
Maňata ertir egzamin kartografiýadan. Barmasam bolýa welin... 4 ýa 5 özüme gerek 😁🤦‍♂️
Kenno_Tabi
12 Yanwar 2024
@gunesh_, bolýa 🙂
gunesh_
12 Yanwar 2024
@flowers_, tebigat we Allaň gudraty bilen:)
gunesh_
12 Yanwar 2024
@flowers_, howwa Alla gorasyn hemme beladan
gunesh_
12 Yanwar 2024
@billygenius98, teswire dislike men goýan däldirin, ýalňyş basdymmykam diýip like basyp gördüm men däl ekenim. 🙄🤦🏻‍♀️
gunesh_
12 Yanwar 2024
@flowers_, howwa şony habarlarda-da görüpdim türkde, gürlemegi unutýanlaram bar eken.
Kenno_Tabi
12 Yanwar 2024
@gunesh_, meselem Dusia Maksatmyradowna. Ilkinji teswirde...
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.