Armanly söýgim
Söýüpdim,janymdan öte söýüpdim
Emma söýgüm Arman boldy gursakda
Men daşoguz a sen bolsa Marydan
Birikmedik bir-biregi söýsekde
Sesiňi eştmesem gezip bilmezdim
Keşbiňi görmesem ýürek gysardy
Gelnim bolmajagyň düşse ýadyma
Özmi ýigrenerdim,gussa basardy
Ömrüňi,duýguňy,söýgüňi,seni
Pikrim ýokdy asla oýnamak ýaly
Belki seni öte soýenim üçin
Aglatmazlyk ücin,hut seniň üçin
Saýladyk biz,gamly uzak bir ýoly
Toýuň çakylygny habar bereňde
Göýä gaynag suwlar döküldi başa
Ölüm habarymy eşden dek boldum
Dileğim talyp gyz bagtly ýaşa
Seçip,saýlap,kalpdan söýen ýigidiň
Hiç haçan gözüňden akdyrmasyn ýaş
Ýylgyr,ýylgyrmaklyk saňa ýaraşýar
Söýen gyzym bolýaň inni ýanýoldaş
Maňa iň möhüm zat seniň ýylgyrşyň
Sen bir melek ýere inen arşymdan
Bagtly bol goý menem bagtly bolaýyn
Guwanyp gezeýin saňa daşyňdan
Göwher Şyhberdiýewa.