shem
09.01.2024 21:00

Hormatly deň-duşlar size gyzykly soraglarym bar eger bilseňizler kyn görmän jogap beriňler...

1-nji sorag şeýle: - Bir adamyň ejesi ölüm düşeginde ýatyr, kakasy ýöräp bilenýok we gelininden (aýalyndan) näçe ýyldyr çagasy bolanýok. Günlerde bir gün bu adam özüniň durmuşynyň şeýle agyrdygna gynanyp otyrka ýanyna bir adam gelýär. Ol adam onuň gamgyn bolup oturanyny görüp şeýle diýýär:

- Sen maňa bir islän arzuwyňy aýt. Men şol arzuwuňy hasyl etjek - diýýär.

Gamgyn bolup oturan adam bir sany arzuwyny aýtýar welin ejesi gowlaşýar, kakasy ýöräp başlaýar we bir sany oguljygy bolýar. Indi size sorag şol gamgyn bolup oturan adam näme arzuw edipdir???!




2-nji sorag şeýle: -Türkmen halkynyn milli manady bolan 50 manatda 1773 diýen ýazgy bar. Ol nirsinde ýazylan.

33
1 368
smiling_
19 Oktýabr 2024
Jogaby aýdylypdymy🤔
shem
11 Yanwar 2024
@pride, dogry
shem
11 Yanwar 2024
@yurekdes, ýok saglyk dal
pride
10 Yanwar 2024
ELLI diyen yazgy bashasak seretseñ 1773 bolya
yurekdes
10 Yanwar 2024
Saglyk dilandir belkem
hasan
10 Yanwar 2024
Menu gamgynlykdan halas et
guffi
10 Yanwar 2024
Sun_light gosulyan
ttr_we_kbdk
10 Yanwar 2024
Bagt arzuw edendir
arsibeg
10 Yanwar 2024
1 nji oglum bolup ejemin gowulugyny kakamyñ yöreýänini gõrseda diýendir.
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.