Gahryman enelerBäsleşigiň birinji şerti üçin. Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda tylda gahrymanlyk görkezen enelerimiz, gelin-gyzlarymyz barada kiçiräk makala1941--1945-nji ýyllaryň urşunyň başlanmagy bilen, Watan goragyna gidenleriň tyldaky orunlaryny gyz-gelinler, ýaşy birçene baran garry enelerdir, gojalar tutdular. Gyz-gelinler uzakly gün kolhoz meýdanynda agyr zähmet çekdiler. Olar gijelerine-de dynç almadylar. Agyr söweşlere gatnaşýanlara jorapdyr ellik örüp, ýyly geýimler taýýarladylar. Özleriniň altyndyr kümüş şaý-seplerini goranmak gaznasyna tabşyrdyIar. Hemme zat fronta, Beýik Ýeňşe gönükdirildi.
Agyr günlerde Tagtabazar etrabynyň (raýonynyň) «Gyzyl Goşun» kolhozynyň gyz-gelinleri şeyle çagyryş bilen çykyş etdiler:
"Watan howp astyndaka bize altyn-kümşüň geregi ýok. Biziň doganlarymyz, ýanýoldaşlaryňyz ýeňiş
bilen gaýdyp gelenlerinden soňra has-da oñat bezeneris».Uruş dowründe şunuň ýaly ynsanperwer işden Gahryman Prezidentimiziň enesi, Mälikguly aganyň käbesi Ogulbäbek
eje hem çetde durmandy. Ogulbäbek eje gaýynenesinden, ejesinden sowgat berlen şaý-sepleri yelýyrtan ýaglyga düwüp, goranmak gaznasyna tabşyrýar. Ogulbäbek Berdimuhamedowanyň tabşyran altyn-kümüşleriniň agramy iki kilogram dört ýüz ýigrimi sekiz gramdy.
Ogulbäbek eje bu sogaply ynsanperwer işi ýüreginiň emri billen berjaý edýär.
Onuň üçin Beýik Ýeňşiň gazanylmagy hemme zatdan gymmat. Ata Watan, ene toprak üçin güler ýüzli türkmen ýigitleri, ýanýoldaşy Berdimuhamet gazaply urşuň aldym-berdimli günlerinde şirin janyny orta goýup söweşýärkä, onuň üçin altyn-kümüş nämemiş?! Ogulbäbek ejaniň we şonuň ýaly türkmen zenanlarynyň bu hereketi ynsanperwerligiň, wepalylygyň, watonsöýerligiň ýokary derejesidir, onuň
dabaralanmasydyr. Şol döwür häzirki Magtymguly (öňki Garrygala) etrabyndan 62 ýaşly Gök Amanikowa Özüniň ýarym kilogramlyk altyn gülýakasyny goranmak gaznasyna tabşyryp şeyle diýipdir: «Meniň bu gülýakam ganhor Gitlere ajal güllesi bolsun. Şunuň ýaly Watana söýgi. ynsanperwerlik bilen çykyş eden türkmen zenanlary örän köpdi. Uruş döwründe türkmen gelin-gyzlarynyň ynsanperwerlik, mertlik görkezip, goranmak gaznasyna tabşyran altyn-kümüş şaý-sepleri 7 müň 392 kilogramdan geçdi.
Ursuň aldym-berdimli günlerinde Aşgabadyň Köşi obasyndan Sadap Nyýazowanyň Öz serişdesiniň hasabyna ýasadan topy 47-nji goşunyň esgerleriniň öňünde onuň dogany esger Goçaman Halmyradowa dabaraly ýagdaýda gowşurylýar. Sadap ejäniň agasyna ýazan hatyndaky seýle setirler sol ýerde uly joşgun bilen okalýar:
«Meniň serisdäme satyn alnan «76 00 94» belgili top doganym Goçaman Halmyradowyň gulluk edýän bölümine iberilýär. Şöhratly atyjylar, haçan-da, meniň sowgadymy kabul edeniňizden soňra, Gyzyl Goşunyň beýleki
esgerleri bilen birlikde Ýeňiş baýdagymyzy pasyrdadyň»,
Sadap ejäniň doganyna iberen topy Berline çenli söweşjeň ýoly geçýär, 1945-nji ýylda, Beýik Ýeňşiň gazanylmagyna sanlyja günler galanda gahrymançylykly söweşini dowam etdirýän Goçaman Halmyradow aýal
dogany Sadap Nyýazowa şeýle mazmunly hat ýollaýar
[i]«Mähriban uýam! Biz häzir seniň sowgat iberen topuň bilen Berliniň eteginde duşmanlara ot açýarys»....Watanyň azatlygy ugrunda söweşenler. Biz, uruşdan soňraky parahatçylykly ýyllarda dünýä inenler Beýik Watançylyk urşunyň ýalynly ýodasyny geçip, agyr söweşlerden Ýeňiş bilen sag-aman gaýdyp gelenlere we şeyle bagta eýe bolup bilmedik şehitlere aýratyn sarpa goýýarys.
Türkmenistandan Beýik Watançylyk urşunda şehit bolanlaryň sany 50 müňden geçýär. Diýmek, uruş
zerarly şonça maşgalanyň şonça enäniň ýüregi ýaraly. Urşuň bolup geçen ýerleriniň ählisinde, hatda geografik kartada bellik edilmedik obalarda-da doganlyk gonamçylyklary az däl. Şol gonamçylyklarda beýleki halklaryň wekilleri bilen birlikde, türkmen ýigitleri-de baky ukuda ýatyrlar.
Bu şehitlerimizi elden geldigiçe goldan, aýal-gyzlarymyz, enelerimiz hem gahrymanlygyň ajaýyp nusgasyny görkezdiler.
URUŞ DÖWRÜNIŇ ENESIKümüş gülýaka,
Altyn bilezik,
Şelpeli gupba,
Kökenli ýüzük,
Iki teneçir,
Bir kümüş sagat
Ýeñiş fonduna
Gowuşdy sowgat.
Gupbañ içinde
Bir kiçijik hat:
«At, faşisti, at,
At, faşisti, at!»
Öñünde gol ýok.
Yzynda gol ýok,
Kimdigin henizem
Bilip bolanok.
«At, faşisti, at,
At, faşisti, at!»
Aýdyma öwrüldi
Bu kiçijik hat.
Bisowatja hat,
Ikije setir.
Ne-hä nokat bar.
Ne-de tersotur.
Garaşdyk bir gün,
Garaşdyk üç gün.
Kimiñ ýazanyn
Bilmedi hiç kim.
Geçdi otuz gyş,
Geçdi otuz ýaz.
Henizem ony
Bilenok kolhoz.
Bir özi bilýär,
Onsoñam Watan...
Golsuz hat ýazsañ -
Öwren şu hatdan!..
K. Gurbannepesow