«Expo City Dubai»-da ilkinji türkmen restorany açyldy.
Dubaýyň Ekspo şäherinde «Talhan» ilkinji türkmen restorany açyldy. Restoran «EXPO 2020»-ä gatnaşmak üçin Dubaýda açylan Türkmenistan pawilýonynyň özboluşly binasynda ýerleşýär. Pawilýon Garagumuň gum depeleriniň şekilinde bezelip, onuň öňünde akhalteke atlary ýerleşdirilen heýkel kompozisiýa bar.
«Talkhan» restorany «Expo City Dubai»-yň myhmanlaryna türkmen milli aşhanasynyň tagamlaryny, şeýle hem myhmanlary dünýäniň dürli tagamlary boýunça gyzykly syýahata alyp gidýän halkara tagamlaryň utgaşygyny hödürleýär.
Restoranyň menýusynda palow, gowurdak, unaş, dograma, manty, gutap, fitçi we milli türkmen aşhanasynyň ajaýyp tagamlary bar. Şeýle hem restoranda saglyk üçin peýdaly dag otlaryndan we ýandakdan taýýarlanan türkmen çaýlary hödürlenýär.
«Expo City Dubai»-a dünýäniň dürli künjeklerinden köp sanly syýahatçynyň gelýändigini göz öňünde tutsak, «Talhan» restorany hakyky türkmen aşhanasynyň giňden ýaýramagyna goşant goşar.
Restoran baradaky maglumatlary «Expo City Dubai»-yň web sahypasyndan tapyp bilersiňiz.