tmyigit76
08.01.2024 21:20

Aslynda reňki ýaşyl däl: Azatlyk heýkeli barada 10 fakt







ABŞ-nyň nyşany bolan Azatlyk heýkeli dünýä belli desgalaryň biridir. Heýkel hakda maglumatlar köpleri gyzyklandyrýar.

Nýu-Ýork duralgasynyň girelgesinde ýagty täji, sag elindäki bulutlara göterilen fakel we ýere düşüp duran rim köýnegi bilen derrew ünsi özüne çekýän Azatlyk heýkeli 138 ýaşynda.

1886-njy ýylyň 28-nji oktýabrynda ajaýyp dabara bilen açylan ýadygärlik indi Nýu-Ýorkuň we umuman ABŞ-nyň nyşanyna öwrüldi.

Şeýle-de bolsa, onuň at-owazasy daş-töweregine giňden ýaýrandygyna garamazdan, köp syrlary öz içine alýar.


Biz bu postda, Azatlyk heýkeli barada 10 sany täsin we gyzykly maglumaty size ýetirýäris.



1. Azatlyk heýkeli haýsy materialdan ýasalypdyr?



Heýkel Parižde ýasalyp, Nýu-Ýorka äkidilmeli bolansoň, gaty agyr bolmaly däldi. Şol sebäpli heýkeliň içi boş galdy. Polatdan bolan Eýfel diňiniň inženeri Gýustaw Eýfel tarapyndan döredilip, daşky görnüşi gaty inçe mis bilen örtüldi.(wikipedia maglumatlaryna görä, tutuşlugyna mis, google görä, mis,polat, altyn, guýma demir) Mis örtüginiň galyňlygy bary-ýogy 2,4 millimetr.


2. Näme üçin heýkel ýaşyl görünýär?




Heýkeliň örtülen mis magdany tebigy ýagdaýda okislenýär we wagtyň geçmegi bilen ýaşyl gatlak bilen örtülýär. Köp ýerlerde bu gatlak örtülen misiň galyňlygyna ýetýär we poslama garşy goraýar.


3. Heýkeliň uzynlygy näçe?




Heýkeliň öz beýikligi aşakdan fakele çenli 46 metrdir. Bu 22 gatly binanyň uzynlygyna deňdir. Parižde gurlanda we Nýu-Ýorkda açylanda-da döwrüniň iň beýik binasy boldy. Esasy bazasyny goşsak, uzynlygy 93 metre çenli ýokarlanýar. (Burnunyň uzynlygy 1,48 sm.) Jemi agramy 204 tonna. (Başga çeşmelerde 225 t)


4. Heýkel kimiň ýüzüne degişlidir we haýsy bölegi ilkinji bolup ýasalýar?




Azatlyk heýkeliniň ýüzi heýkeltaraş Frederik-Awgust Bartholdiniň ejesiniň ýa-da myş-myşlara görä söýgülisiniň keşbine meňzeşdi. Heýkeliň birinji bölegi fakeli saklaýan sag eli. Bu eli Parižde ýasalandan soň ABŞ-a iberildi we 1876-njy ýylda Amerikan halkyndan kömek ýygnamak üçin (kolonial expostion) sergide görkezildi. (Heýkeliň 2 ýyldan soň açyljak nobaty gelýär) Şeýle-de bolsa, fakel 1916-njy ýylyň 30-njy iýulynda 11-nji sentýabr hüjümini ýada salýan esasy nemes hüjümleri wagtynda zeper ýetdi we soňra häzirki fakel bilen çalşyryldy. Ýadygärligiň kabulhanasynda 1984-nji ýylda aýrylan asyl fakeli henizem görmek bolýar.


5. Heýkel haýsy tarapa seredýär?




Azatlyk heýkeli günorta-gündogara seredýär we strategiki taýdan Fort Wudyň içinde ýerleşýär we munuň üçin ajaýyp esas döredýär. Heýkeliň ýerleşýän ýeri, porta girýän gämiler üçin hem amatly, sebäbi "Azatlyk hanymy" porta girýänlere "Hoş geldiňiz" diýen aňlatmany berýär.


6. Heýkeli ýyldyrym çakarmy?




Hawa! Heýkel her ýyl ýyldyrym çakýar. Ýyldrym çakmagynyň sany belli däl. Heýkeliň beýikligi we ondan ýasalan mis magdan ýyldyrym çakmagyna çydam etmek üçin ýörite saýlandy.


7. Fakel we täçdäki şöhleler nämäni aňladýar?




Heýkeliň sag elinde tutulan fakel, aň-düşünjäni alamatlandyrýar. Fakeliň çyralary erkinlige barýan ýoly yşyklandyrmagyny aňladýar. Aslynda heýkeliň resmi ady "Erkinlik dünýäni ýagtylandyrýar" diýlip kesgitlenildi. 1986-njy ýylda çalşylan heýkeliň täze mis fakeli 24 karat altyn bilen örtüldi. Gündizine gün şöhlelerini aňlatsa, gijelerine 16 prožektor tarapyndan yşyklandyrylýar. Mundan başga-da, heýkeliň kellesinde 7 uçly täç bar. Ol ýedi yklymy, ýedi deňizi aňladýar.


8. Heýkeliň çep elinde saklaýan tabelinde näme ýazylan?




Amerikanyň garaşsyzlyk güni, 1776-njy ýylyň 4-nji iýuly, Rim sanlarynda ýazylan (IV iýul, MDCCLXXVI)


9. Heýkel aslynda nirede gurulmalydy?




Heýkeltaraş Bartoldi asyl pikiri (1869) Azatlyk heýkelini Sues kanalynyň Ortaýer deňziniň girelgesine ýerleşdirmekdi. Hatda munuň üçin taýýarlan modelini müsürli Kedive Ismail Paşa-da hödürledi. Ilkibaşda heýkeliň gurluşygyna oňyn garaýan Ysmaýyl Paşa, çykdajylaryny töläp bilmejekdigine we halk köpçüliginiň negatiw reaksiýalarynyň boljakdygyna göz ýetirenden soň, gurmakdan ýüz öwürdi (diňe bir müsürli daýhan zenany bu heýkel üçin model hökmünde alyndy)

10. Azatlyk heýkeli masonlar ybadathanasymy?



Heýkeltaraşlykda ulanylýan köp elementleriň masson simwolizmi bilen baglanyşygy bar. Aslynda, Nýu-Ýorkuň “Grand Lodge” ussady Willam A. Brodi 1884-nji ýylyň 5-nji awgustynda geçirilen binanyň düýbüni tutmak dabarasyny geçirdi. Gurluşygy gurnan heýkeltaraş Bartholdi we gurluşyga gözegçilik eden Laboulaye hem-de basgançagyň binagäri Riçard Morris Huntyň hemmesi massonlardy. Häzirki wagtda onuň masson hekaýasyny Massonlar tarapyndan çüýlenen tagtada okamak bolýar.



© Çeşmeler: www.ensonhaber.com. wikipedia we google maglumatlary
38
216
223311
11 Yanwar 2024
Yenede bir zat ayagynda dowilen zynjyr bar
ooof
9 Yanwar 2024
👌👍
mandarin
9 Yanwar 2024
👍🗽
annabibi
9 Yanwar 2024
👌
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.