bayramgeldiyewarslan
08.01.2024 18:33

Emojipedia portalynyň baş redaktory Kit Broni 2023-nji ýylyň iň meşhur on sany smaýlynyň sanawyny çap etdi.


Hünärmeniň pikiriçe, ýurtda iň köp ulanylýan smaýllardan çen tutsaň, 2023-nji ýylyň esasy artykmaçlygy - oňynlyk birinji orunda durdy. Soňky 12 aýyň içinde iň köp ulanylan 10 smaýla gülüp gözi ýaşaran, gülüp kese ýykylan ýüzler we gyzyl ýürek girdi. 2023-nji ýylda çykan täze smaýllaryň arasynda iň meşhury gülgüne, çat açyp gelýän, gök we çal ýürekler boldy.


“2023-nji ýylda iň köp ulanylan smaýllar emodjili klawiaturanyň absolýut  klassika toplumy boldy. Birinji belgide gülüp gözi ýaşaran ýüz, ikinji belgide bolsa “gülüp kese ýykyldym” boldy. "Ýürek gözjagazlar" altynjy orunda, "ýürek gözlüje ýylgyrýan ýüz" meşhurlygy boýunça 10-njy orny eýeledi” diýip, Kit Broni gürrüň berdi.


Smaýllar ilkinji gezek 2008-nji ýylda girizilen hem bolsa, olar barha meşhurlyga eýe  bolýar diýip Broni belledi. Iň gowy görýän smaýllarymyzyň oňyn sazlaşygy adamlaryň köp wagtyny öz dostlary we maşgalasy bilen geçirýändigi bilen bagly  bolsa gerek diýip ol aýtdy we: "Iň gowy 10 smaýl adamlaryň öz dostlaryna we maşgalasyna oňyn duýgularyny beýan edýändiklerini görkezýär. Sanawdan çen tutup, "gülüp gözi ýaşaran ýüz" indiki ýyl hem birinji ýerde galar diýip pikir edýärin. Beýleki gülýän smaýllar, hemişekisi ýaly, dünýäde iň meşhur bolmagyny dowam etdirer. ”

32
152
bayramgeldiyewarslan
10 Aprel 2024
@sadajaaa, kopden bar bilesigelija girmanson yatdan cykdy telefon tazeledim indem play marketden cykanok yapyldymy ya bilesigeliji?
bayramgeldiyewarslan
10 Aprel 2024
@sadajaaa, howaa siz kim?
abc2701
9 Yanwar 2024
😊
Kenno_Tabi
9 Yanwar 2024
🙄
ssulya
9 Yanwar 2024
💙
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.