shem
07.01.2024 23:27
Taryhda hasaba alynan iň ýokary akyllylyk dereje zenanlara degişlidir.

Hemmeler tarapyndan hormatlanýan, söýülýan Maýa Kulyýewa barada gysgaça maglumat.
Maýa Kulyýewa 1920-nji ýylyň maý aýynyň 1-inde Aşgabat şäherinde dünýä inýär. Maýa Kulyýewanyň çyn ady Mamajan Kulyýewa.
Maýa Kulyýewa rowaýata öwrülen şahsyýet.Ol ajaýyp sesi, artistlik zehini, drama ukyby bilen Türkmen halkyna öz täsirini ýetirdi.Maýa Kulyýewa 1941-nji ýylda sungat ýoluna başlady.Türkmen opera teatrynyň ilkinji aýdymçylarynyň biridir. Ýaşan manyly ömrüni ýurdumyzyň aýdym-saz sungatynyň ösmegine bagyşlap, diňe ýurdumyzda däl-de eýsem daşary ýurtlarda-da tanymal sahna ussady, opera aýdymçysy hökmünde tanalýan Maýa Kulyýewa sungat ýoly bu günki günde köpler üçin nusga ýörelge bolup durýar. Ol 2001-nji ýylda baş režissýor,oýun goýujy režisýor bolup işledi.
Maýa Kulyýewa 1943-nji ýylda Türkmenistanyň at gazanan artisdi, 1955-nji ýylda SSSR-iň halk artisti adyna eýe boldy. Altyn Aý medaly, Lenin ordeni, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygynyň medaly, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna ýubileýi medaly, Magtymguly Pyragy medaly baýraklarynyň eýesi boldy. 2007-nji ýylda bolsa Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmeniň Altyn asyry atly bäsleşigiň ýeňijisi boldy.
Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň halk artisti,sazly sahnada ajaýyp keşplerini ençemesini döredip , halkymyzyň çyn söýgüsine abraýa hem-de hormata mynasyp bolan artist, türkmen operasynyň ady rowaýata öwrülen aýdymçysy Maýa Kulyýewa 2018-nji ýylyň aprel aýynyň 28-de 98 ýaşynda dünýäden ötýär.
Maýa Kulyýewa barada näçe aýtsaň, ýazsaň az ýaly.Bu zenan barada ýene-de birki söz goşasym gelýär. Maýa Kulyýewa 8 ýaşyndaka ýetim galýar.Allatagala onuň agyr durmuşynyň deregine güýçli zehini eçilipdir. Maýa Kulyýewa özüniň erjelligi hoşamaýlygy sabrlylygy we öz işiniň ussatlygy bilen biz ýaşlara uly täsirini ýetirdi.Nähili kynçylyk başyna düşsede sabrlylygy bilen sungata aşyklygy bilen Türkmen halkyna hyzmat etdi.Mundan başga-da Maýa Kulyýewa "Çopan ogly" kinofilmde Şekeriň, "Aýna" kinofilmde Aýnanyň ýatdan çykmajak keşplerini döretdi. Oýnan rollarynda türkmen gyzynyň milliligi, asyllylygy, sadalygy, işeňňirligi, utanjaňlygy jemlenýär we ösüp gelýän ýaş nesillermize, türkmen gelin -gyzlaryna uly görelde bolup durýar.
Men Maýa Kulyýewany saýlap almagynyň sebäbi hem şondadyr.


okanyňyz üçin sag boluň...
29
147
shem
11 Yanwar 2024
@gulia_maksatmyradowna, hakyky🌹🌹
shem
11 Yanwar 2024
@medik_, howwa agraslygy bn bize gorelde
shem
8 Yanwar 2024
@beghanym, sag bolun minnetdar
shem
8 Yanwar 2024
@beghanym, bolya bolya sag bòlun
shem
8 Yanwar 2024
@beghanym, öz sözüm bilen ýazan ýerlerimem bar.Bir pikirem etdim ýazaýsamykam dp..
shem
8 Yanwar 2024
@flowers_, sag bolun sizede
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.