Dusia
07.01.2024 22:29

Adamzat taryhynda merdem zenanlar az däl .

Coco Chanel, Kleopatra, Frida Kahlo, Indıra Gandhi we ýene-ýeneler... Hawa elbetde olar adamzat üçin beýik, ýagny hemmämiz üçin... Emma meniň üçin ýekeje zenan olardan hem beýikdir. Çünki ol zenanyň wepa-ygrary, gaýduwsyzlygy, goraýjylygy, edermenligi, ýeri gelende doğumlylygy we şol sanda sadalygy meniň ýol ýörelgämdir! Hany şahyr aýtmyşlaýyn:


Diýdiler: «Erkekden belentdir aýal!»

«O nämüçin?» diýip berdiler sowal.

Jogabyn berdiler: «Gutaryp ömrüň,

Ýagty dünýä bilen hoşlaşsaň bir gün –

Aýal är ojagyn saklar – diýdiler,

Söýgiňi müň kerem haklar!» diýdiler.

«Çagalaryn iýdir, geýdir – diýdiler,

Şeýdip ýaş ömrüni köýdir!» diýdiler.

...Diýdiler, diýdiler, diýdiler kän zat.

Käbirisi aňsat. Köpüsi kyn zat.

Aňsadyn – hemmeler başar – diýdiler,

Kynyn başarmakda iş bar – diýdiler.

Kyn hem bolsa,

Şudur wesýet – diýdiler.

Diňe kyn zat –

Şol mukaddes! – diýdiler.


Men utanýan... Bilýäňizmi näme üçin?! Özümiň sähel dyrnak ýaljak zatlary göterip bilmän ejizlänligim üçin...

Her kimiň durmuşy çarkandakly ýollardan ybarat, diňeje olaryň belendi-pesi tapawutlanýa.

Hany ýakyn wagtlarda sosial internet torlarynda ýörgünli bolan jümle bardy, näme diýýä-

\"Söýgiňizi telefonda internetda paýlaşyp wagt ýitireniňizden, gidiň onuň ýanyna gujaklaň, öpüň maňlaýyndan we emen süýdüňizi halal ediň\"... Bu jümle ýüregime jüňk boldy, ýöne şondada her ädimimde seni ýatlaman geçip bilemok, çünki sen meniň barlygymyň sebäpkärisiň eziz käbäm!


Etmişim kän, ötmişem sen çagalygmyň ýeňlesligini,

Öwredipdiň has kiçikäm gyz görküniň agraslygyny.

On ýyl geýdiň bir geýeniň maňa tikip köýnekligňi

Joralarma güjeňlärdim şonda aklym çatman eken

Bir gülenmi dünýä deňän görüp dursam ejem eken!


Günler geçýär göçüp barýar başymdaky çagalygam

Köpelýärdi durmuş hakda saňa berýän soragymam

Günler geçdi soň ýat boldy şol çägeli Garagumam

Talyp boldum men özüme diýipdimle bagty çeken

Ah bu bagty gije gündiz Hakdan dilän ejem eken!


Gara saçlaň aklygyna düşünmedim ilki bada Jowrandyda ýürek şonda atygsady düşdi oda Bu dünýäde günäkär men bolan bolsam haýsy zada

Maňa goýman günälermi bagry bilen süzüp çeken

İndi bilýän... Ejem eken!


Söýen ýigdim goýup gitdiň, ýat bolduk biz bir-birege

Men ýüregňe ýol salsamam gapy tapmadym girere

Alynmadyk myhman ýaly duýgym tazykdy bir yere

Meň seni söýşümden beter, menem biri söýýär eken

Şol ynsanam ejem eken...


Men özümi ýalňyz duýýan şu märekäň arasynda

Ne alamat bu duýgulam,

Taňryn özi gorasynda

Jandan geçip söýjek barmy?!

Tapylarmy dyza çöken?!

Bagra basdy bir tanyş el,

ol ýene meň ejem eken!


Jan beren sen şonsuzama ýene janyň gurban etjek,

Gynap bildim onsuzama, sen şondada günäm ötjek

Harlansada ilki söýgi, ynsan ýene söýjek eken Bir ýiten soň tapdyrmajak ýekeje zat ejeň eken!


Gyssanyber däli köňlüm wagtyň şo bolşy tizlänok

Ah, bu durmuş ejeň däldä, ejizleseň ezizlänok Hemme kişi bagt isleýär güzaby ýok, azaby yok

Köp aýdardyň diňlemezdim, soňam boldum derde çöken

Awunybam arzyň aýtsaň ejeň seni diňlär eken!


Ýeňil işe tiz ýapyşdym, kynlarynam saňa goýdum

Şänik ýaryp maňzyn iýdim gabygynam saňa goýdum

Çaýlamana joraň gelse sen yenede gyzyň öwdüň

Görä durmuş niçiksi zat ýörän ýoluň hile, gapan

Ýagşyň ýaýyp kemiň ýapýan ýekeje zat ejeň eken...


Awtory: Ogulnur Ataýewa

37
437
Dusia
10 Yanwar 2024
@icardi, salam!
Dusia
10 Yanwar 2024
@gulia_maksatmyradowna, gaty ýokardan eken ylga
Dusia
10 Yanwar 2024
Dusia
10 Yanwar 2024
@tim_, onda köpelipdir 😁
Dusia
10 Yanwar 2024
@tim_, Gülşat Ataýewa, gulia, men, köwser, susom (pomoim) şolar bar öýtýen
Dusia
10 Yanwar 2024
@beghanym, hawa gelor gidor saryklary basanok
Dusia
10 Yanwar 2024
@tim_, öň Ag-dan iki ýeke agza bardy progda
Dusia
10 Yanwar 2024
@beghanym, biz Ahal tarapdan seretseň basýalar
Dusia
10 Yanwar 2024
@gulia_maksatmyradowna, hiç düşünmedim
Dusia
10 Yanwar 2024
@tim_, aý ýoklaý basamok
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.