tmyigit76
06.01.2024 19:46
Günorta Koreýalylar üçin «Siz näçe ýaşyňyzda?» diýen soraga näme üçin jogap bermek kyn?




Günorta Koreýalylar üçin "siz näçe ýaşyňyzda?" diýen soraga aňsat jogap berip boljak sorag däl.


Bu ýurtda çaga dünýä inende bir ýaşly hasaplanýar. Täze ýyl gijesi gelende, olaryň ýaşyna ýene bir ýyl goşulýar. Şeýlelik bilen, dekabr aýynda doglan çaga birnäçe hepdäniň içinde iki ýaşynda hasaplanar.

Şeýle-de bolsa, Günorta Koreýanyň prezidentligine saýlanan Yoon Suk-yeol bu asyrlyk hasaplamany aýyrmak üçin çäreleri görýär.

Yoonyň bu wezipe üçin bellenen komitetiniň başlygy Li yong-ho, Günorta Koreýany dünýäniň beýleki ýurtlary bilen deňeşdirmek üçin ýaş hasaplamasyny standartlaşdyrmaga synanyşýandygyny aýtdy

Dürli ýaş hasaplamalarynyň "hemişelik bulaşyklygy" we "gereksiz sosial we ykdysady çykdajylary" döredendigini aýtdy.

Giňden kabul edilen ýaly görünse-de, täze ädimleriň durmuşa geçiriljekdigine şübhe bildirilýär.



Bir sorag, üç jogap




Günorta Koreýada adamyň ýaşyny hasaplamagyň üç usuly bar.



Resmi taýdan, ýurt 1962-nji ýyldan bäri kanuny kesgitlemelerde we administratiw amallarda adamyň doglan senesini ulanýan halkara hasaplama ulgamyny ulanýar.

Beýleki resmi hasaplama usulynda bolsa bäbekler 0 ýaşynda dogulýar we her 1-nji ýanwarda bir ýaşa ýetýär. Şoňa laýyklykda 2020-nji ýylyň dekabrynda doglan çaga şol ýylyň dekabrynda iki ýaşynda hasaplansada, 2022-nji ýylyň ýanwarynda bu ýaşa ýetdi diýlip hasaplanýar.

Bu usul, esasan, harby gullugy degişli bolup, ilatyň ep-esli bölegine täsir edýän kanuny maksatlar üçin ýaşy hasaplamak ýa-da kanunbozulmalardan goralmaly ýaşlaryň ýaşyny kesgitlemek üçin ulanylýar.

Şeýle hem, jemgyýetde her kim tarapyndan has köp ulanylýan "Koreý ýaşy" usuly bar. Oňa görä her kim doglan wagty awtomatiki usulda bir ýaşyndadygyny we doglan senesine garamazdan her Täze ýylda bir ýaşyny doldurýandygyny hasaplaýar.

Bu usullara laýyklykda, 1995-nji ýylyň 30-njy dekabrynda doglan Günorta Koreýanyň meşhur K-pop topary BTS-iň agzasy Kim Tae-Xyung (V), Koreýanyň adaty hasaplamalary boýunça 28 ýaşynda, halkara hasaplamalarynda 26 ýaşynda we beýleki resmi koreý ýaş hasaplamalary boýunça 27 ýaşynda .


Çynlakaý mesele




Käbir adamlar üçin ýaş diňe san bolup biler, emma ýaş Günorta Koreýada bu gaty çynlakaý mesele.

Koreýa uniwersitetiniň koreýa dil we edebiýaty bölüminiň professory Şin Ji-young: "Günorta Koreýalylar üçin kimdir biriniň özünden uludygyny ýa-da däldigini bilmek, sosial gatnaşykda biriniň adyny öwrenmekden has möhümdir. Bu adama nädip ýüzlenmelidigini we zerur unwanyny saýlamakda möhüm ähmiýete eýe" -diýip belleýär.

Koreýanyň ýaşyny hasaplamak däbi Hytaýdan we Aziýanyň dürli ýerlerinden gözbaş alýar. Şeýle-de bolsa, Günorta Koreýa henizem ýaşy şeýle hasaplaýan ýeke-täk ýurt hasaplanýar.

Hansung uniwersitetiniň hukuk we syýasat professory Kim Eun-juyaň pikiriçe, "Globallaşma koreýleri halkara ýaş hasaplamasy barada has köp habarly etdi. Bu hasaplama usullary bilen koreýleriň üstünden gülýändiklerini duýan ýaşlara täsir etdi."

Gülkünç bolmakdan daşary, dünýä syýasatlary Günorta Koreýalylara hakykatdanda agramly täsir etdi.

Mysal üçin, käbir ene-atalar çaga dogluş ýazgylaryny üýtgetmäge synanyşýarlar, sebäbi dekabr aýynda dogulan çagasynyň mekdepde özüni oňaýsyz duýmagy we netijede durmuşda kynçylyklaryň boljakdygyny alada edýärler.

Pandemiýa döwründe saglygy goraýyş edaralarynyň sanjym üçin ýaş derejesini kesgitlemek üçin halkara ýaş hasaplamasyny we Koreýanyň ýaş ulgamyny ulanmagy köp bulaşyklyga sebäp boldy we ýaşy standartlaşdyrmaga çagyryşlar ýokarlandy.

Li, şeýle hem, goşmaça tölegler we pensiýa ýaşynyň kesgitlemesi baradaky bulaşyklyk sebäpli ýokary kazyýete salgylanyp, Koreýa ýaşy tarapyndan girizilen "zerur däl sosial we ykdysady çykdajylara" ünsi çekdi.


Däp-dessurlary terk etmelimi?




Günorta Koreýanyň resmileriniň ýaş hasaplamak usulyny döretmäge ilkinji gezek synanyşmagy däl.

2019 we 2021-nji ýyllarda iki kanun çykaryjy şuňa meňzeş kanun taslamasyny teklip etdi, ýöne bu teklipler Koreýa mejlisi tarapyndan tassyklanmady.

Beýleki tarapdan, hünärmenler täze çärä razy bolsada, onuň Koreýa jemgyýeti üçin nämäni aňladýandygy barady pikirleri bilen iki topara bölünýärler.

Dankook uniwersitetiniň gündogary öwreniş gözleg merkezinden bolan Jang Yoo-seung: "Jemgyýetimiz däp-dessurlary terk etmek barada kän bir alada etmeýär. Öz özboluşlylygymyzy we medeniýetimizi terk edip, has monoton bolmak howpy barmy?" diýýär.

Ýöne hemmeleriň ylalaşyp biljek zady, halkara ýaş hasaba alnyşy kabul edilse-de, koreýleriň ýakyn wagtda resmi ýa-da resmi däl ýagdaýda "Koreýa ýaşyny" ulanmagy bes etmegi nägüman.



Çeşme: www.bbc.com.
45
190
amanmyradowna_
6 Yanwar 2024
Bah🤔
Tayler
6 Yanwar 2024
Özem ösen ýurt diýjeksiň.....
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.