Utanjanlyk bilen göreşmegiň ýollary Utanç, geçmişdäki şikesler, ene-atanyň rehimsiz garaýyşlary ýa-da dürli psihologiki ýagdaýlar sebäpli ýüze çykyp bilýän duýgy, käwagt adamlaryň ýakynlaşmagyna päsgel berip biler.
Beýle bolsa, utanjaňlygy nädip ýeňip bileris?
Özüňizi alyp barşyňyz ýa-da islendik sosial gurşawdaky ýalňyşlyk sebäpli gysga möhletli utanjaňlygy başdan geçiren bolmagyňyz mümkin. Şeýle-de bolsa, ynamyňyz tükeniksiz utanjaňlyk bilen bozulsa we aňyňyzdaky kem- çilikleriňizi ulaltsaňyz, seresap bolmagyňyz zerur bolup durýar.
Biz bu postda utanjaňlygy ýeňip geçmek üçin 4 faktory size ýetirýäris.
1.Özüňize bolan ynamyňyzy artdyryň!
Utanjaňlyk özüňe ynam bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Öňki üstünlikleriňize ünsi jemlemek ýa-da göwnüňize ýaraýan çärelere has köp wagt sarp edip, özüňize ynam ga- zanyp bilersiňiz. Özüňize oňyn çemeleşmek, aýratyn aýratynlyklaryňyza üns bermek we özüňize mynasyp baha bermek özüňize bolan ynamyňyzy artdyrar.
2. Täze dostlara açyk boluň!
Wagtyň geçmegi bilen utanjaňlygyňyz sebäpli jemgyýetleşmekden (aragatnaşyk saklamak) saklanan bolsaňyz, jemgyýetleşmäge ünsi jemläp, muny ýeňip bilersiňiz.
Dowamly utanjaňlyk bilen göreşmek isleseňiz, täze adamlar bilen duşuşyp, täze dostluk gurup bilersiňiz.
3. Sözüňizi we beden diliňizi gowulaşdyryň!
Daş görnüşi, beden dili we gürleýiş ýaly faktorlar utanja sebäp bolup biler. Jem- gyýetçilik şertlerinde gaty ümsüm bolsaňyz, munuň öňüni almaga mejbur ediň. Öňüňizdäki adam bilen gözli gatnaşygy gurmak we ses äheňiňizi sazlamak utanjaňlygyňyzy ýeňil- leşdirip biler. Başga bir tarapdan, aragatnaşyk guranyňyzda sessiz galmagyň ýerine, başga birini yşarat we ýüz keşbi bilen tassyklamak, utanjyňyzy ýeňip geçmäge kömek edip biler.
4. Özüňize ýalňyş baha bermäň!
Utanjaňlyk, adamlaryň özüne rehimsiz tankytlamagyna sebäp bolýan duýgydyr. Şonuň üçin özüňizi tankytlanyňyzda diňe erbet häsiýetleriňize üns bermegi bes ediň. Sebäbi bu utanjyňyzyň artmagyna sebäp bolup biler. Öz-özüňe baha bermek bilen, ýalňyşlaryň bilen ýaraşyk baglaşmaly, olardan öwrenmeli (netije çykarmaly) we oňyn pikirler bilen özüňe çemeleşmeli.Çeşme: www.ntv.com.tr
(Utanjaňlyk türkmen zenanlaryna gelişýär. Ony ýitirmäň!)