1-nji ýanwar — Täze ýyl;
27-nji ýanwar — Watan goragçylarynyň güni;
18-nji fewral — Türkmenistanyň diplomatic işgärleriniň güni;
8-nji mart — Halkara zenanlar güni;
21-22-nji mart — Milli bahar baýramy;
7-nji aprel — Bütindünýä saglyk güni;
Aprel aýynyň soňky ýekşenbesi — Türkmen bedewiniň milli baýramy;
9-njy maý — 1941— 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda Ýeňiş güni;
18-nji maý Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni;
25-nji maý — Aşgabat şäheriniň güni;
Maý aýynyň soňky ýekşenbesi — Türkmen halysynyň baýramy;
1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni;
3-nji iýun — Bütindünýä welosiped güni;
5-nji iýun — Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni;
12-nji iýun — Ylymlar güni;
27-nji iýun — Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni;
1-nji sentýabr — Bilimler we talyp ýaşlar güni;
27-nji sentýabr — Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni;
1-nji oktýabr — Ýaşulularyň halkara güni;
6-njy oktýabr — Hatyra güni;
10-njy oktýabr — Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni;
Oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesi — Türkmen alabaýynyň baýramy;
3-nji noýabr — Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni;
Noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesi — Hasyl toýy;
12-nji dekabr — Halkara Bitaraplyk güni;
14-nji dekabr — Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni;
21-nji dekabr — Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti S.A.Nyýazowy (Beýik Saparmyrat Türkmenbaşyny) ýatlama güni;
Oraza baýramy — Oraza baýramynyň anyk senesi her ýyl Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen kesgitlenilýär;
Gurban baýramy — Gurban baýramynyň anyk senesi her ýyl Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen kesgitlenilýär.