Men düýbünden beýle bolar öýtmändim,
Çünki bary bilen höwrügerdim men:
Baglara şatlygym ederdim beýan,
Ýollara gür biýrdim ähli derdimden.
Men düýbünden beýle bolar öýtmändim,
Ýöne olaň bary şeýle bolupdyr:
Pes bolupdyr beýik diýen baglarym,
Uzak diýen ýollam has gysgalypdyr.
Beýikligi üçin ýüzüme sylan
Baglarmyň halyna dözmeýär ýürek.
Ine, şu hakykat ýakmaýar maňa,
Şu duýgymdan aňsat sypmasam gerek...
Çagalykdan beýnä siňen ynamlar
Ýyllar geçip, çagşan jaý deý synýarlar.
Bu ahwala akyl ýetirdigmizçe,
Ýene şonça syryn açýar dünýäler.
Ýene uzap gidýär ýollar-ýodalar,
Başga beýik baglar güwleýär gökde,
Ine, şol uzaklyk hem beýiklige
Ynamym durmaýar belli bir çäkde.
Şeýdip, agyr oýda her kemçilikden
Akyl ýygnap, ölçäp-jemläp yzymyz,
Kalbymyzda dörän täze ynamlar
Düýbi pugta sütün kimin mizemez.
Gözýetimden gözýetime uza, ýol!
Peseldim diýip, beýik bagym, tutma ýas!
...Gürrüň baglaň peselşi hakda däl,
Özümiz baglar deý beýgelip barýas.
#Ezizow.