garlawac
01.01.2024 23:36
Joşubrak ýaşadym, gijräk söýdüm,
Örtenäýdim öýdýän yşkyň iňrigne.
Elbetde, bu zatlar bir taraply däl,
Her niçigem bolsa meniň kimligme
Ýa-da armanyňa alnyň deginçä
Başyboş umydym gezer gusully.
Bir töwra, haýakeş duýga ten berip,
Men bu meselede boldum usully.

Otagymyň günbatarna gysylyp,
Durmuşyň ýadyndan çykaýjak bolýan.
Utanjym zemine girip başlady,
Amanadym bolsa uçaýjak bolýar.
Belki, ol uçardam, ony başarar.
Emma welin, ýöne saňa kössekli
Arzuw meni goýberenok, goýanok.
Onuň aýby ýok.

Irem bolsa, seni söýäýdim öýdýän,
Örtenäýdim öýdýän ölümden owal.


Seýitmyrat GELDIÝEW
29
130
sazsoft
2 Yanwar 2024
@garlawac_, Sapa Seýitmyradyň goşgusyny paýlaşandyr, öýkünen däldir. :)
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.