https://owrenmeli.app/58517-bir-adymy-tsiri.html#comment
tmyigit76
01.01.2024 20:19
Her kimiň ýüreginde orun alan, diňläninde inçe duýgularyny , geçmişdäki ýatlamalaryny oýarýan aýdymy bolsa gerek.
Umyt-arzuwlaryna ýetip bilmedik, şowsuz söýgüni beýan edýän bu aýdymy her gezek diňlänimde, söýgüsinde utulan aşyk ýigidiň gamgyn görnüşi gözöňümde janlanýar,
Belki bu aýdymy siz hem diňlänsiňiz:Açylan güldüň sen bahar möwsümde,
Inçe bil, alma-nar goýlan göwsüňde,
Aý indi parhy ýok näçe öwseňde
Meni terk etseňem söýýärin seni.
Gündiz hyýalymdyň gijeler düýşüm,
Ýeterlik dälmidi ýar seni söýşüm.
Näçe kyn bolsada özümi duýşum,
Ýüregim sende diýp söýýärin seni.
Kalbym oda atsaňam,
Bagtyň özgä çatsaňam,
Nika ýüzügini daksaňam,
Ynan söýýärin seni.
Ýaňy bir bak gülmüz açyldy öwsüp,
Goýduň arzuwlardan umytdan kesip,
Gyzlyk dünýäň özgä etsede nesip,
Bagtly bolgun diýip söýýärin seni.
Diýdiň: barjak ýigdim meniň hossarym,
Soraýarlar menden seni dost-ýarlar.
Ýüzüm salýan batyp gam-gussa ýarym,
Dertlerde goýsaňam söýýärin seni.
Gelin aljyň aýdym sazly öňümden,
Içinde sen, geçip gitdiň denimden.
Galsamda ýar ýaş akdyryp gözümden,
Şonda-da bagt isläp söýýärin seni.
Kalbym oda atsaňam,
Bagtyň özgä çatsaňam,
Nika ýüzügini daksamam,
Ynan söýýärin seni.
37
106