shem
01.01.2024 17:01
Arassa geýdirip saçymy darap
Ýola çyksam galdyň yzymdan garap
Aladalam bilen seň halyň harap
Agaran saçlaryň sebäbi boldum

"Näme iýjek"diýip sözüme uýan
Özüniň paýyny tabagma guýan
Gaty nana bokurdagyny gyýan
Dökülen dişleriň sebäbi boldum

Ýüksiz bolsun diýip balalaň egni
Özüň üçin ýaşamanyňa dogry
Aslynda men seniň ömrüňe ogry
Sowulan ýaşlygyň sebäbi boldum

Çagalary doýurmagyň alada
Çykarmagyň öýermegiň alada
Bagyşla ejemjan meni ýene-de
Tükenmez işleriň sebäbi boldum


Hydyrow Sh.
24
28
shem
1 Yanwar 2024
@Myhman Myhman, sag bolun.dogry
Myhman Myhman
1 Yanwar 2024
gowy.goşgy.eken.ejeler.mukadesir.ejâni.kâbâ.atany.kybla.deñelipdir
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.