sh_shamko_
01.01.2024 00:00
1 ýyl 8766 Sagat, 525.960 minut, 31.557.600 sekuntdyr.

Biz şunça wagtyň içinde her birimiz aýry aýry köp zatlary ýaşandyrys. Elbetde gaty beğen ýerimizem bolandyr gynanan ýerimizem bolandyr. Özümiz üçin köp zatlary edendiris.

Begençler bilen gynançlar bilen şatlyklar bilen şowhunlar bilen köne 2023-nji ýyly tamamladyk. Sag aman 2024-nji ýyla aýak basdyk. Şul posty paýlaşan bolsam sizem okan bolsaňyz täze ýyla girendiris we sagat 00:00 bolandyr.
Geçen ýyl sizde her hili wakalar bolannyr. Geliň şol ýyldaky erbet zatlary wakalary Unudup gyzykly gowy wakalary gürrüň bereliň.
Täze ýyl güni edilýän işler.
Ir bilen sagat 8:00 dan soňra täze ýyl taýýarlygy başlanylýar. Her kim bir işiň ujundan tutýar her kim bir zatlar bişirýä. Köpüsi "Manty Palow Şaşlyk somsa we ş.m" Abede golaý ýada abetden soňra tort alynyp gelinýär. Köpüsi zakaz etýär köpüsi taýaryny alýar. Öýlän 16:00 dan soňra bolsa ýuwaşlyk bilen kilýonkaň üstüne zatlary goýup başlaýarlar. Ir bilen klýonkany ýazyp üstüni boş goýýanlaram bar. Agşam 19:00 da bolsa nahar iýilip başlanylýar. Belki onnanam ir. 20:00 da bolsa şähere aýlanmana çykylýar kimisi ýolkalara gitýär kimisi garyndaşlaryna kimisi dostlaryna. 22:00 dan soň ýada öň herkim öýli öýüne ýygnanýar we 00:00 bolmagyna garaşýar. Käbirleri ýatyp galýar gyzykly ýeri sypdyrýarlar. We sagat 00:00 bolly. Herkim daşarda Gar sepişýänler haýsy Jyzyrdowaç ýakýanlar haýsy. Asmana dileg şaryny uçurýanlar hem bar dileg edip. Ertesi güni ir bilen sagat 09:00 da Dünýä belli Mamalar güni. Her kim Mamalaryna gitýär täze ýyllaryny gutlaýarlar. Garaz her kim täze ýyl günini şuňa meňzeş geçirýärler. Ýöne esasy zat bagt bilen abraý bilen asudalyk bilen agzybirlik bilen girýärler täze ýyla.

Hemmämiziň ýetip gelen täze ýylyňyz bilen gutlaýan. Ähiljäňiz islän arzuwlaryňyza ýetiň.
34
76
Miss_Minnosh❤️
1 Yanwar 2024
@shamko, Sag bol sizinem taze yylyñyz gutly boLsun menm bu gun 500 nji postum paylasypdym :)
Myhman Myhman
1 Yanwar 2024
Sizinkiler gutly bolsun
senorita
1 Yanwar 2024
Sag boluñ, siziñkilerem gutly bolsun!
manolya
1 Yanwar 2024
@shamko, 😁👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.