gunesh_
31.12.2023 21:35
Ýok häzir bu hatym Aýazbaba däl!
Başga bir arzyla , mährem ejeme.
Maşgala baýramy täze ýyl güni,
Aramyzda ýollar ýatyr nijeme.

Men häzir bu haty atama ýazýan,
Ýazýaryn çal saçly maşgalabaşa.
Bilmen indi ykbalymda näme bar,
Şol ýedren başlapdy ömrümiň baş-a.

Men häzir bu haty dostlarma ýazýan,
Çyn ýürekden gülüp bilýän meýsizem.
Iň bagtly günlerim şolar bilendi,
Olar häzir şadyýandyr mensizem.

Häzir gözellere ýazýan bu haty,
Olar owadandyr arçaň zerinden,
Saý-sebäp birisi ýylgyryp baksa,
Geçip bilseň geçdä onsoň deňinden.

Il - günüme ýazýan, obama ýazýan,
Ýazýaryn bu haty ezizlerime,
Men däl hut ykbalyň özi goýupdy,
Sizi bu ýüregiň eziz ýerine.


lmyrat Babaýew
26
89
gunesh_
31 Dekabr 2023
@garajaoglan, hiç ýadyma düşenokda 🙄
gunesh_
31 Dekabr 2023
@garajaoglan, ýekeje gezek akaunt açdym öýde ýüregim gysyp, onda-da başga nik hem başga at bilen girdim. Güneşim öz şahsy akaundym, diňe dost ýarlarym bar.
gunesh_
31 Dekabr 2023
@garajaoglan, öz niki bilen post paýlaşýamy siziň Güneş diýýäniňizem?
gunesh_
31 Dekabr 2023
@garajaoglan, siz nähili nikde girýädiňiz?
gunesh_
31 Dekabr 2023
@garajaoglan, onda biri bilen garyşdyran bolmagyňyz mümkin
gunesh_
31 Dekabr 2023
@gunesh_, profil suraty nähilidi?
gunesh_
31 Dekabr 2023
@garajaoglan, bäh 🤔
gunesh_
31 Dekabr 2023
@garajaoglan, imo girenim bäri şol nikde men (5 ýyl dagy boldy) ýöne akaunt däl
gunesh_
31 Dekabr 2023
@garajaoglan, howwa şol men ýöne akaunt dälä men 🙄
gunesh_
31 Dekabr 2023
@garajaoglan, haýsy akaunda meňzetdiňiz?
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.