bayramgeldiyewarslan
31.12.2023 11:40
Disney multfilmlerinden gahryman Mikki Maus 2024-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan jemgyýetçilik emlägi bolar. Bu barada Times gazetine salgylanyp, gazeta.ru habar berýär.

Neşiriň maglumatlaryna görä, dünýäniň islendik ýerindäki režissýorlar, ssenariýaçylar we suratkeşler Mikki Mausyň keşbini mugt ulanyp bilerler. Ýöne bu diňe multfilm gahrymanynyň 1928-nji ýylda “Willi gämijigi” atly gysga metražly kartinadaky gara-ak görnüşde berlen ilkinji wersiýasyna degişlidir.
Disney-iň täsiri bilen birnäçe gezek üýtgedilen we hatda “Mikki Mausy goramak baradaky kanun” adyny alan ABŞ-nyň Awtorlyk hukugy baradaky kanunyna laýyklykda, personaž üçin monopoliýa 95 ýylyň dowamynda saklanyp bilner. Disney üçin şol möhlet hem ýakynda tamamlanýar.
19
21
eziz_annamov
31 Dekabr 2023
👍🏻🎂🎈🎊🎉
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.