garlawac
30.12.2023 21:33
Garaş! Sabyrly bolmagy başar! Ömür bilen ölümiñ arasynda sõweş gidýärkä ýaşaýyşdan bagt süýjüligini datman gitmejegiñe kasam et! Howluksañ, umytdan düşseñ õzüñi kyn güne salmagyñ ahmal, bagtyñ saña goýulan paýyndan ýoluñ sowa düşüp ahmal galaýmagyn! Õmür beren bu derejede bagtly bolmaklyga esas dõredipdir ahyryn - toýa baranyñda toý paýyny alnyña sylman gaýtmaýşyñ ýaly durmuş bagtyndanam binesip dälsiñ, eý, köñül! Diñe sabyrly hem kanagatly bolsañ õmür bilen õlümiñ aralygyndaky menzilden nesibäñ bagtlylykdygyna düşünersiñ!

# Kalba Nur
35
261
sazsoft
30 Dekabr 2023
💗 Garaşyp ýörüs öz-ä... 🐼
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.