tmyigit76
30.12.2023 18:59
Salam Öwrenmeli platformasynyň agzybir agzalary. Ilki bilen hemmäňizi ýetip gelýän täze ýyl bilen gutlaýan. Täze ýyl siz üçin rysgally, bereketli, düşümli ýyllaryň biri bolmagyny arzuw edýärin.

Baýramçylyk mynasybetli geçirilýän bäsleşigiň şerti boýunça, men öwrenmeliniň köneje agzasy «Lord» saýladym. Bu agza bilen men öwrenmelide gabatlaşmandym. Sebäbi onuň gül açan döwürleri men ýokdum. Lord bilen tanyşlygymyz, heniz mekdepden ädimlerim üzülmäkä, mugallymlaryň kellesini agyrtýan döwürlerim, 2021-nji ýylyň başlarynda, imo arkaly tanşypdym. Ondan soňam näme harby gullukdan çakylyk gelensoň, deň-duşlarymyz bilen ýola düşdük.


Bu agzamyzyň maňa aýan häsiýetleri hakda kelam agyz aýtsam, söhbetdeş bolanymda onuň, giň düşünjeli, zehinli gözýetimi giň adamdygyna göz ýetirdim. Mundan başga esasy bellemeli zat onuň güýçli ýatkeşliginiň bolmagy. Ätiýaja gelenimden soň, imo sosial ulgamyna täzeden girenimde men tanamsamda ol meni tanap bildi.

Häzir bu agzamyz bu posty okap bilýän däldir. Sebäbi, bilşime görä, ol harby gullukda bolmaly. Kerim şahyryň:

Gowy geýnip göze äýnegin dakan,
Janpenaň puldadyr ähtibarlygy.
Gowsy, gözün gyrpman narýadda duran
Esgerlerden öwren gahrymanlygy.


diýişi ýaly, biziň gözel ýurdumyzyň, asudalygyny goraýan, biziň rahat ýatyp turmagymyz üçin we bu eziz maşgala baýramçylygymyzy asudaçylykda bellemgimiz üçin iki gozüni dört edip mukaddes borjuny birkemsiz ýerine ýetirýän «Lord» agzamyzy ýetip gelýän täze ýyl bilen gutlamagy makul bildim.

Täze ýylyň gutly bolsun dost. Harby gulluk borjuňy dynyp,maşgala ojagyňa sag aman dolanmagyňy Beýik Alladan dileýän.

Ýagşy adamy gowy günlerde ýatlasaň ýagşy



@𝚝𝚖_𝚢𝚒𝚐𝚒𝚝𝟽𝟼
35
67
tmyigit76
31 Dekabr 2023
@beghanym, hawa. Hasap hesibä köpdür :) ertirem tz ýyl dp el degmez. :)
tmyigit76
31 Dekabr 2023
@beghanym, 24 🤗
oz_ozum
30 Dekabr 2023
👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.