bayramgeldiyewarslan
30.12.2023 18:03
Dubaýdaky 700 töweregi ýokary okuw mekdebini we okuw merkezlerini jemleýän bilim klasteri Dubai Knowledge Park öz 20 ýyllygy mynasybetli agramy 300 kg-dan gowrak ägirt uly Rubigiň kubigini gurnady. Bu kubik Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi diýip, bigasia.ru habar berýär.

Rubigiň kubigi bir metr beýiklikdäki 21 sany aýna süýümli kubdan ybarat bolup, onuň umumy ölçegi – 3 x 3 x 3 m barabar.
Döredijileriň aýtmagyna görä, bu ägirt uly Rubigiň kubigi Dubaýyň bilim seýilgähiniň dürli nesilleriň arasynda döredijilikli pikirlenişi we seljeriş ukyplaryny ösdürmäge ygrarlylygyny alamatlandyrýar. Bellenilişi ýaly, kubuň elementleriniň her bir öwrümi ýönekeý bir hereket bolman, “täze başarnyklaryň ele alynmagy, çylşyrymly meseleleriň çözgüdi we bilimde boşluklaryň aradan aýrylmagydyr”. Köplere çagalykdan bäri belli bolan bu tapmaça şekili bilim ýolunyň ýakymly we özüne çekiji bolup biljekdigini ýatladýar.
17
55
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.