gunesh_
30.12.2023 08:23
(Olar öz arzuwlaryndan ýüz öwürmediler. Olar kalplarynda beslän arzuwlaryny yzarlap, şowsuzlyga garşy döş geren şahslar. Olar maksatlaryna ýetmek üçin kynçylyklardan çekinmedik kişiler...).
Ilkinji synanyşykda üstünlik gazanmak herkime başardyp baranok. Emma şowsuzlygyna garamazdan, täzeden synanyşmaga, aýaga galmaga bolan gaýraty tapýanlar hem az wagtda milliarder, iň meşhur ýyldyz, eserleri dũnýä belli ýazyjy, iň ökde telekeçi diýlip tanalýan bu 5 sany beýik adam geçmişlerindäki ýitirilenleri bilen haýrana goýýar.

5. J. K. ROWLING – iňlis ýazyjysy.

"Garri Potter" eserini okamadyk ýa-da kinofilmine tomaşa etmedik, megerem, ýok bolsa gerek. J. K. Rowling entek ýaş wagty işsiz galyp, bir gyzjagazy bilen haýyr sahabat öýünde ýaşap başlaýar. Gününi dolandyrmak üçin bir garbanyşhana hyzmatçy bolup işe geçýär. J. K. Rowling boş wagty öz göz õňüne getirmelerini kagyza geçirip başlaýar we "Garri Potter" eserini ýazýar. Eser birnäçe çaphana öýleri tarapyndan çap edilmegi inkär edilýär. "Men kitaplarymdaky jadygöýliklere ynanamok, elbetde, ýöne gowy kitabyň durmuşymyza girizip biljek jadylygyna ynanýaryn".

4 EMINEM – rep aýdymçysy.

Orta mekdebiň synaglaryndan geçip bilmän 3 ýyl gaýtadan okan Eminem ahyry okuwyny taşlap, rep bilen meşgullanyp başlaýar. 25 ýaşyna çenli maşgalasyny eklemek üçin hepdede 60 sagat restoranda gap-gaç ýuwujy bolup işleýär. Bagtyny synamak üçin geçirilen ýerli aýdymçylaryň bäsleşiginden hem ýeňiji bolup bilmeýär. Studiýalar tarapyndan replerini ýazmagy ret edilýär we ahyry bir kiçiräk studiýa replerini ýazmagy kabul edýär. Göz öňüne getiriň, ol ilkinji albomynyň girdejisine maşgalasy üçin öý alyp bilýär! "Men muny başararyn, sebäbi, sen maňa "Sen başarmarsyň" diýdiň" Eminem

3. Wolt DISNEÝ – Disneýlend kärhanasynyň eyesi.

Çagalygymyzy öz multfilmleri bilen bezän, Disneýlendi we Mikki Mausy döreden, döredijilik-hyýal ukybynda çäk bolmadyk Wolt Disneý ilkinji işi bolan gazet habarçylygyndan döredijilik, täze ideýalarynyň garyplygy sebäpli işden boşadylýar. «Arzuwyny etmäni başaran bolsaň, durmuşa-da geçirip bilersiň» Wolt Disneý.

2 Tomas EDISON – fizik.

Mugallymlary bu beýik şahsyň zehininiň pesligini, öwrenmäge ukybynyň ýokdugyny nygtaýarlar, iş berijileri önüm öndürmek we oýlaptapyjylyk ukybynyň ýokdugyny nygtap işden boşadýarlar. Emma bu şahs häzire çenli ulanylýan, öýümize ýagtylyk berýän elektrik çyrasyny oýlap tapýar. Tomas Edisondan: "1000 gezekki şowsuz synanyşyklaryňdan soňra ýene-de synanyşmak höwesini nähili ýitirmediň?" – diýip soranlarynda, ol: "Men ýalňyşmadym, bu diňe bir çyranyň ýanmagy üçin gerek bolan 1000 basgançakdy» diýip jogap berýär.

1. Jek MA – telekeçi.

Dünýä belli Alibaba söwda portalynyň eýesi, milliarder Jek Ma birwagtlar aýyna 12 dollar gazanýan iňlis dili mugallymy eken. Dünýä derejesindäki biznesi bolan bu telekeçi matematikadan pesligi sebäpli başlangyç synp synagyndan 2 ýyl galýar, ýokary synpdan 3 ýyl galýar, kollej synagyndan 2 gezek ýykylýar (matematikanyň 120 soragyndan diňe birini dogry jogap berýär), Garwarda 10 ýyl tabşyrýar we ählisinde şowsuz bolýar, KFC-niň Hytaýdaky restoranyna işe tabşyran 24 adamdan ýekejesi kabul edilmeýär we ol hem Jek Ma. Portaly açandan soň paýdarlary bilen 3 ýyl girdejisiz işleýär. "Garaýsyň we beren kararyň başarnyklaryňdan has möhümdir" Jek Ma.
27
55
gunesh_
30 Dekabr 2023
@lavinya_, sag boluň 🙂
lavinya_
30 Dekabr 2023
@jeren_seyitniyazowa, zatcod, şowly geçsin İn Şa Allah:)
gunesh_
30 Dekabr 2023
@lavinya_, häzirki zatçoda bagly nastrenýa:)
lavinya_
30 Dekabr 2023
@jeren_seyitniyazowa, nastrenýa gaçmaka men gaçaýyn🏃🏻‍♀️:))
lavinya_
30 Dekabr 2023
@jeren_seyitniyazowa, oooooo😂😂😂
gunesh_
30 Dekabr 2023
@lavinya_, nastrenýasyz wagtym ýazan bolsaňyza puşman etmegimem mümkindi diýeniňize 😅
gunesh_
30 Dekabr 2023
@lavinya_, 😂 ýokla. Hoz bagymyz gurany bäri hoz zyňmamy goýdum. Oň deregine söz zyňýan. 😅🤭
lavinya_
30 Dekabr 2023
@jeren_seyitniyazowa, Sağ boluň minnetdar,gorkubraga ýazdym hoz syňaýmasyn diýip😅
gunesh_
30 Dekabr 2023
@lavinya_, 🤭 sag boluň, siziňem baýramyňyz bilen. Altyn balyk ýyly dileglerinizi hasyl etsin. 😊
lavinya_
30 Dekabr 2023
Jerenowa Jeren Täze ýylyň bilen, :))
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.