gunesh_
29.12.2023 16:40
Käteler kimdir biriniň raýyny ýykmazlyk ýa-
da göwnünden turmak üçin bolmajak, bitmejek zatlara biygtyýar "bolýar" diýýän gezeklerimiz az däl. Dilewar söhbetdeşiň "hä, hawasyny" ýetirip, şelaýyn gürrüňleriniň täsirine gapylyp, birdenkä "bolýar" diýenimizi duýman galýarys. Soňundanam ýüz ýyllyk gaflatdan oýanan ýaly özümize gelýäris. Ökünip başlaýarys. "Şol wagt dessine "ýok" diýen bolsam bu wagt beýdip kösenip ýörmezdim" diýýäris. Özümizi kötekleýäris.

"Siz hemmelere ýaramaly, hemmelere ýaranmaly, hemmeleriň göwnünden turmaly, hemmeler bilen razylaşmaly" diýen düzgün ýok. Gaýta, "dessine "ýok" diýmek" häsiýetiniň abyny-tabyny öwrenip, degerli ýerinde ulanyp bilseňiz, durmuşda köp zat gazanarsyňyz. Özüňizi şadyýan, arkaýyn, asuda, sagdyn duýarsyňyz.

Duýgudaşlyk, ýagdaýyň ýetdiginden kimdir
birine kömek edip bilmek, gurbuň ýetdiginden goldamak, olarda özüň hakda ýakymly täsir galdyrmak, elbetde, gowy häsiýet we ählimiziň-de isleýän zadymyz. Ýöne uzak wagtyň dowamynda her kim bilen hemişe razylaşmak endigi erbet netijelere eltýär. Gowusy, her gezekde her kime "Bolýar!" diýmäge endik etmäň. Soňundan ökünjek bolsaňyz, öňünden "Yok!" diýiň.

Tejribeli psihologlar hiç hili çekinmezden,
gönümel "ýok" diýmeli ýerlerimiziň sanawyny kesgitläpdirler.

1. Wagtyňyzy alýan adamlara dessine "ýok" diýiň.

"Wagt gyzyldanam gymmatly" diýýändirler. Ýagşy zada sarp eden wagtymyz hut şol pursady altyna öwürdigimizdir. Bir ynsan bilen alyşmak, birek-birege maslahat bermek, garaýşyňy paýlaşmak ähmiýetli zat, emma ileri tutýan maksadyňyza ters gelýän bolsa, hut şol wagtky zerur işiňizden saklaýan bolsa, söhbetdeşiňize turuwbaşdan "ýok" diýiň. "Bagyşlaň, şu wagt zerur işlerim bar. Soň habarlaşyp bilmerismi?" diýip, ýumşak gönümellik bilen ýagdaýyňyzy mälim ediň. Oňa we özüňize päsgelçiligi bolmadyk başga bir wagt belläň.

2. Karz soraýanlara dessine "ýok" diýiň.

Birine haýyr-sahawat, maddy ýardam etmek iň sogaply amallaryň biri. Bergidaryňyz karzyny özi üzýänçä sabyr kanagatly garaşyp bilmejek bolsaňyz, onda gürrüňi uzaga çekdirmän, ilkibaşda "ýok" diýeniňiz gowy. Sebäbi wagty bilen yzyna gaýtarylmaýan algy-bergiler zerarly dostlukly gatnaşyklar hem dura-bara çat açyp başlaýar. Soňundan "al bäri-getir bäri" gowgasyna düşmezlik üçin, ýüz tutan uçurlary kesgitli "ýok" diýiň. Ýogsamam karz beriň we üzerine kanagatlylyk bilen garaşyň.

3. Sizi peýdalanjak bolýanlara «ýok» diýiň.

Kimdir biri sizi diňe işi düşen wagty ýatlap, galan wagtlaram indemeýän bolsa, diýmek, ol sizi öz meselelerini çözmek üçin bir gural ýa-da serişde hökmünde görýän bolmaly. Gatnaşyklar özara bähbitli bolmalydyr. Yerinde ulanyp, soňundanam terk edýän bolsa ýa-da haýryňy görüp, soňam arkaňdan gep edýän bolsa, onda beýle gatnaşyklardan seresap boluň. Elbetde, adamlara kömek etmek gowy zat, zerur zat, ýöne olaryň sizi öz bähbitleri üçin ulanmagyna asla eglişik etmäň.

4. Ýeri gelende dostlaryňyza-da "ýok" diýiň.

Ynsana maşgalasyndan soňra iň ýakyn adam – dosty. Köplenç. pikirleri, häsiýetleri, maksatlary meňzeş adamlar bir-birek bilen dost bolýar. Ýöne beýle diýildigi dostuň her bir pikirine, teklibine "hawa" diýip, tassyklap oturmalydygyny aňlatmaýar. "Dost ýüzüňe aýdar" diýilýän söz örän mamla-rast. Eger ol çynlakaý dost bolsa, siziň "ýok" diýmegiňize hem dogry düşüner, muny adaty ýagdaý ýaly kabul eder. Emma başgaça pikir edýändigiňizi, käbir pikirlerini ret edýändigiňizi, "ýok" diýýändigiňizi ýokuş görýän bolsa, ýekeje "ýok" sözünden ullakan duşmançylyk ýasap bilýän bolsa, uludan demiňizi alyp, boýnuňyza alyň: ol size dost däldir.

5. Başgalar görä bolmak zerur däl "ýok" diýip bilersiňiz.

Köpçüligiň içinde köpe görä bolmak ündelýändir. Muňa garamazdan, özgeleriň her bir gylyk-häsiýetine uýgun hereket etmeli diýlen zat ýok. Sen aýratyn bir nygmat. Sen aýratyn bir öwüşgin. Özgelere zyýan etmeýän bolsa, öz asylly pikirierleriňize, düşünjeleriňize görä hereket ediň. Köpçüligiň bir pikiri bilen ylalaşmaýan bolsaňyz, Öz pikiriňizi ýaňzydyň. Il-ulsa ýaýgyn her düşünjäni köre-körlük bilen kabul etmek hökman däl. Belki, sen öz pikirleriň bilen oňa aýratyn öwüşgin çaýarsyň, beýgeldip bilersiň. Hemişe hemmelere görä boljak bolsaňyz, onda özlügiňizden nam-nyşan galmaz.

6. Bildirişlere we duýduryşlara "ýok" diýiň.

Häzirki döwürde hut ýanymyzda ýa-da dünýäniň ol ujunda bolýan täzelikler bilenem dessine habarly bolunýar. Maglumatlar, täzelikler yzygiderli ýagyp dur. Bazarlar, bahalar, mümkinçilikler müşderileri özüne çekmek bilen başagaý. Muny bolsa dessine mälim edýän ýörite duýduryşlar bar. Kompýuteriň ýa-da telefonyň başynda işiňize dümtünip oturan mahalyňyz täzelikler ýa-da arzanladyşlar barada üznüksiz gelip duran bildirişdir duýduryşlar ünsüňizi bölüp durmasyn, köpüsini öçürip taşlaň. Diňe özüňize, edýän işiňize ähmiýetli bolanlaryny saklap galyň.

7. Bilgeşleýin gyjalatlara "ýok" diýiň.

Şeýle bir adamlar bolýar, sähel maý tapsa,
degnaňyza degmäge, göwnüňizi ýykmaga döwtalapdyrlar. Her edip-hesip edip, maksatlaryňyzdan alyp galmaga, ünsüňizi sowmaga synanyşarlar. Beýle adamlary dessine ret ediň. Diňe özi däl, hatda ady-sory hem gözüňize ilmez ýaly, olary ýadyňyzdan öçürip taşlaň. Munuň üçin diňe sizi begendirýän pursatlara, ruhlandyrýan maksatlara üns bermek ýeterlik. Gerekmejek adamlar we ýagdaýlar öz-Özünden ýitip gider.

8. Ähmiýetsiz zatlara "ýok" diýiň.

Öz gymmatlyklaryňyza ilki özüňiz hormat
goýmasaňyz, başgalar hormat goýmaz. Öz maksatlaryňyza özüňiz ynanmasaňyz, başgalar ynanmaz. Durmuşyňyzda bolup geçýän zatlara diňe özüňiz jogapkärsiňiz. Şonuň üçin ömrüňize ähmiýetli bolan möhüm maksatlaryňyzy öňe süýşüriň. Esasy maksatlardan ünsüňizi sowýan zatlara welin gönümel "ýok" diýiň. Dynç almak üçin başyna barylan, ýöne ýadadýan smartfon oýunlary, internetdäki sosial-habarlaşmalar we ş.m zatlar "ýok" diýilmäge we ýüz öwrülmäge mynasypdyr.

9. Yrymlara "ýok" diýip bilersiňiz.

Internet, kitap, metbugat sahypalaryny gyzyl-dörjük etseňiz, şeýlebir köp mukdardaky yrymlara gabat gelersiňiz, olaryň ählisini ýerine ýetirjek bolsaňyz, hiç ýana gozganyp bilmersiňiz. Dogry, maşgalaňyz başgaça hereket etmegiňizi makullaman biler, ýöne, barybir ykbalyňyzy yrymlara görä kesgitlemäň. Geljegiňiziň alýan kararlaryňyza, ýürege düwýän niýetleriňize, özüňize bagly ýerleriniň juda köpdügini unutmaň. Ykbalyňyzy yrymlardan ýokarda tutuň.

10. Hatda özüňize-de "ýok" diýiň.

"Haýyr iş jäht tutulýar". Bir işi hökman etmeli bolsaňyz, ýöne, näme üçindir, işe eliňiz bary-bermeýän bolsa, tarsa dikeliň. Sizi işlemekden alyp galýan ýaltalyk duýgularyňyza, sowuk-salalygyňyza "ýok" diýiň we işiň başyna baryň. "lşdä nahar başynda" açylýar. Ylham iş başynda gelýändir. Edil şonuň ýaly, size abraý getirmejek amallara hem hyýallanmaň. Nebsiňize dessine "ýok" diýmek köp apatdan sowar.


Çeşme: "Dünýä edebiýaty" žurnaly
25
179
gulkaa
1 Yanwar 2024
🔥🔥🔥🔥🔥🔥
kade
31 Dekabr 2023
😙👍👍👍👍👍
gunesh_
29 Dekabr 2023
@okayjy, gaty dogry 🙂👍 Barış Özcanyň hem gaty gowy wideosy bolmaly, gowy düşündiripdir şolam.
okayjy
29 Dekabr 2023
"Mütiş, Psiholoği" Kitabynda giñişleýin düşindirlen eken 👍 "Ýok diýmegi başarmaýanyñ, bor sözinde hem derek ýokdyr"
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.