garlawac
29.12.2023 15:08
Gör-le, meniň bagtym nirede eken!
Meni nirden ötüripsiň, kör düýäm?!
Gündelikden.
Sen näme bilýärsiň ýaşaýyş hakda,
Ýaşlyk ygtyýaryň alypdyr seniň.
Ýanjak bolup dursuň ýyldyrym çaksa,
Uçjak bolup dursuň degäýse elim.

Bes!
Örteme meni göz gyýgy bile,
Meni ol gözlere eýleme bendi.
Onsuzam ölüm hem ýaşaýyş maňa
Seň buýsanjaň eginleň deý deňlendi.

Häzir saňa akyl berip,
ugradyp,
Yzyndan oturyp aglasym gelýär.
Owadan gyzlary ýigrenýärin men,
Olar betbagtlygmy ýadyma salýar.

Ýok, aglama!
Ine, munyň bolanok,
Aga çen ortada ýaşlyk bar häli.
Dünýäniň öňünde zerre günäň ýok,
Gözýaşlaryň bilen ýuwaryň ýaly.

Isle, sen diýip özüm uraýyn oda,
Ýa dolaýyn girdabyna derýanyň.
Ýöne mensiz bagtly bol sen dünýäde
Hem diňleme mundan artyk perýadym.

Söýgim soldy,
Söndi otly ýüregim,
Olardan kalbymda diňe gubur bar.
Mazar agajymy gögertme meniň,
Ol nahal däl,
Ýok, ol barybir gurar!

Hem begenme muny söýgüdir öýdüp,
Şowsuzlyga duşdum diýbem dowl alma.
Sen-ä giç doglanňa günäkär dälsiň,
Menem ýazykly däl owal doglanma!..


Nobatguly REJEBOW
28
83
alma___
29 Dekabr 2023
Gowu goşgy👍👍
sazsoft
29 Dekabr 2023
🙄😐
sabyrly
29 Dekabr 2023
👍
enegyz
29 Dekabr 2023
Govy goshgy eken👌👌👌🌹
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.