bayramgeldiyewarslan
29.12.2023 06:46
Ýawa skatlary (Urolophus javanicus) Halkara tebigaty goramak bileleşigi (HTGB) tarapyndan adamzadyň işjeňligi sebäpli nesli tükenendigi resmi taýdan yglan edilen ilkinji deňiz jandary boldy. Häzirki wagtda süýji suwda ýaşaýan balyk görnüşleriniň takmynan 20%-ne şol sebäbe görä we howanyň üýtgemegi sebäpli ýitip ýok bolmak howpy abanýar.

«Süýji suw balyklary dünýäde mälim bolan balyk görnüşleriniň ýarysyndan gowragyny emele getirýärler, ýaşaýan ýerlerini göz öňünde tutsak, olar suw gurşawynyň diňe 1%-ini eýeleýärler. Olar ekosistemalaryň durnuklylygy we maşgalalaryny eklemegiň ýeke-täk usuly hökmünde balyk tutmaga bil baglaýan milliardlarça adam üçin möhüm ähmiýete eýedir» diýip, HTGB-niň suwda ýaşaýan balyklar boýunça hünärmenler toparynyň egindeş başlygy Keýti Hýuz belledi.

Urolophus javanicus 1862-nji ýylda Indoneziýanyň Jakarta şäheriniň kenarynda tutulan diňe bir nusga bilen mälim boldy. Şondan bäri bu seýrek balygy biologlar görmedi.
23
38
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.