bayramgeldiyewarslan
28.12.2023 16:42
Russiýa Federasiýasyndan aýdymçy-kompozitor Anna Wladimirowna Şuroçkina «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly at dakyldy. Bu barada degişli Permana Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi.

Permanda bellenilişi ýaly, bu hormatly at Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň halklarynyň dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmekde, iki döwletiň arasynda uzak ýyllardan bäri dowam edip gelýän medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda bitiren aýratyn hyzmatlary üçin, şeýle hem joşgunly zehinini we aýdym-saz sungatyny ösdürmekde gazanan ajaýyp üstünliklerini göz öňünde tutup dakyldy.
23
28
senorita
28 Dekabr 2023
Tũweleme 👏
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.