Eliñden gidirip arzyly zadyñ,
Dünýäñ derdi bilen aglap gördüñmi? Gözden gam inende, Soralsa halyñ.
"Aý, gowu-la" diyip aldap gördüñmi?
Gijelerne ýalñyz galyp gördüñmi,
Ýyldyzly köýnegin synlap asmanyñ?
Gülkiñe gussañy garyp gördüñmi,
Bendi bolup em tapylmaz ahwala?
Gördüñmi ýodany yzarlap ýüp deý,
Nämedir bir zady küýsän mahalyñ?
Awunyp gördüñmi minnetli gepden?
Gyş bolup gördümi ýaşyl baharyñ?
Käte-käte adam gözläp gördüñmi?
Elewräp gördüñmi ýüregiñ gysyp?
Uzak menzillere ugrap gördüñmi,
Kiçijik haltañy arkañdan asyp?
Dañylyp gördüñmi soñsuz soraga,
Jogap tapman, ýüregiñi çişirip?
Garaşyp gördüñmi kimdir birine,
Gije-gündiz garap ýatyp işige.
Bulutdan syrygyp, ýagyş ýaganda,
Gussalañ bar zatdan çykýarmy üstün?
Çyndanam şeýlemi?
Gutlaýan onda-
Biz meñzeş ekenik,
Hoş geldiñ, dostum!