tmyigit76
25.12.2023 20:17

Gyş yrymlary








❄️ Gyşlamaga galan guşlaryň höwürtgesi ýelek, perlerden, gury otlardan ýasalan bolsa, gyş sowuk bolar» diýlip ynanylýar.



❄️ Hozuň gabygy, güýz gawunlarynyň, garpyzlarynyň paçagy galyň bolsa, gyş sowuk bolar



❄️ Sanjar aýynda ilkinji düşen gyraw uzakly gün ýerde ýatsa, gyş sowuk bolar.



❄️ Pişik asgyrsa, sowuk bolmagyna garaşylýar.



❄️ Täze dogan Aý demirgazykdan dogsa, tutuş aý salkyn, gündortadan dogsa, tutuş aý yssy bolar.



❄️ Güýzde ilkinji düşen gyraw uzak wagtlap ýatsa, gyş garly bolar.



❄️ Gün ýaşanda şapak gyzarsa, ertesi howa gowy bolar, daňdan şapak gyzarsa, ýakymsyz howa bolar. «Agşam şapak gyzarsa, gelniň ogul tapdy bil, daňdaň şapak gyzarsa, malyňy

ýagy çapdy bil» diýen nakyly hem ata-babalarymyz döredipdir.



❄️ Güýzde gyşlamaga gidýän guşlar has ýokardan uçsa, gyş haýal düşer, ýere golaý pessaýlap uçsa, gyş çalt düşer.



❄️ Garlawaçlar suwuň ýüzünden jügüldäp uçsa, howa bulaşar.



❄️ Guş bir aýagynyň üstünde durup uklasa, ertesi howa salkyn bolar.



❄️ Asmanda ýyldyzlar seýrek görünse, ertesi howa bulaşar.



❄️ Meýdanda kerepler gaýmalaşyp ýörse, gyş gurak we sowuk bolar.



❄️ Sanjar aýynda ülje ýapraklary güýzese (terlense), howa sowuk bolar.



❄️ Maýyl günde gaz bir aýagynyň üstünde dursa, ertesi sowuk bolar.



❄️ Ördekler gyşlamaga gidýän guşlaryň «göçünden» galsa, gyş ýyly bolar.



❄️ Agşam ýere gyraw düşse, gündiz gar ýagmaz.



❄️Gyşyna Aý gyzyl reňkde bolsa, ertesi gar ýagar.



❄️ Syçanlar gowaça meýdanynda pagta süýümini çeýnäp taşlasalar, ýagan garlar uzak wagtlap ýatar.



❄️ Sülgünler, käkilikler çöpüň aşagyna giriberseler, erbet sowuk boljagynyň alamaty.



❄️ Agşam açyk howada geçiriji simler ýuwaş hallan atsa, ertesi sowuk bolar.



❄️ Sanjar aýynda ilkinji ygal gije ýagsa, gyş sowuk, gündiz maýyl bolar.



❄️ Güýzüň ahyrky aýynda gök gürlese, gyş garly bolar.



❄️ Güýzde ilkinji düşen gyraw uzak wagtlap ýatsa, gyş garly bolar



❄️ Güýzüň ahyrynda çybyn köpelse, gyş ýyly bolar.



❄️ Gyş ýer gaty doňsa, bugdaý hasylly bolar.



❄️ Daşardan getirlen odunlar şatyrdap ýansa, sowuk uzak wagtlap dowam eder.



❄️ Kepderiler guguldaşyberseler, açyk howa boljagynyň alamaty.



❄️ Alakalar ýaga düşüp, hinine dänedir sypal çekip ýörseler, gyş gazaply bolar.



❄️ Soganyň gabygy galyň we gat-gat bolsa, gyş sowuk bolar, ýukadan gelen, az gatly bolsa, gyş maýyl bolar.



❄️ Eger-de Günüň ýaşan ýeri süýt reňkli bolsa, gije ümür düşmez.



❄️ Gije Aý buludyň üstünde bir görnüp, bir ýitse, ertesi düşnüksiz howa bolar.



❄️ Gije ýyldyzlar ýere gaçjak bolup lowurdap dursalar, ertesi şemalsyz açyk howa bolar.



❄️ Aý doganda ýüzi tutuk bolsa, ertesi çygly howa bolar, çygly şemal öwser.



❄️ Towşan öýüni çuň gazan bolsa, gyş sowuk bolar.



❄️ Gargalar çüňküni ganatynyň aşagyna sokup otursa, aýazly howa bolar.



❄️ Garynjalar hininiň üstüne gum üýşürip, gyşlamaga giden bolsa, gyş sowuk bolar.



❄️ Gyşyna gargalar gagyldaşyberse, gar ýagjagynyň alamaty hökmünde garalypdyr.



❄️ Güýzde durnalar uçup gidensoň, iki hepdeden soň, sowuk düşer.



❄️ Güýzüň ahyrynda çybyn köp bolsa, gyş maýyl bolar.



❄️ Hüwi gygyryberse, howanyň bulaşjagynyň alamaty.



❄️ Eger gargalar gyşyna daglara tarap uçup gitse, maýyllyk boljaklygynyň alamaty.



❄️ Gije aýa bakyp meýdana oturmaklyk gowy görülmeýär, edepsizlik hasaplanylýar.



❄️ Halk arasynda «Aý – arslan, Gün – göwher, bular biri-biriniň yzyndan ýetip bilmän ýören aşyk-magşuk, gyz bilen

ýigitmişin» diýen ynanç saklanyp galypdyr.



❄️ Ýerde ýaramazlyklar kän bolsa, ene ýer azgynlyklary göterip bilmezmiş. Şonda ýer titrärmiş



| Bellik. Sanjar aýy - noýabr aýy



• Çeşme: Türkmen halk yrym-ynançlary kitabyndan

49
219
0401
26 Dekabr 2023
👍
enegyz
26 Dekabr 2023
Havo yatlap durmaly arasynda😊.. sps👏
sazsoft
25 Dekabr 2023
@geldiyevna, Häzirem ýadymda hemmesi :)
sazsoft
25 Dekabr 2023
Suwuň ýüzünden jüýgüldäp uçmaň, garlawaçlar :))
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.