diva
25.12.2023 19:05
Ol adam kurortda sataşdy maña
Nazarkerde adam.Nurana adam
Bir jaýda aýy bile geçirdik
Bir aýlap dem aldyk meñzeş howadan.

Gòzleri-de jomart.Eli-de jomart
Jomartdy ýuregi.Jomartdy dili
Ýòne òz bitiren hyzmaty hakda
Bir agyz geplejek bolaýsañ weli
Çekip almalydy her bir sòzùni...
Pyýada gecipdir Ýewropañ çòlùn
Aýagyn goýupdyr Dunaý boýunda
Şpreý jeññelinde jaýlapdyr elin.

Ýene bile barýarys bagyñ içinden
Men aýakly barýan, olam pişekli
Bir maral deñimden ozup gecende
Birden iki àdim òñe dùşmekci
Boldum-da,ýene-de endamym jyglap
Goñşymyñ deñine çekildim kem-kem
...Şeýle gercek kişi gùýje màtàçkà,
Adam òz gùýjùnden utanjak eken.

Bir gùn buýsanç bln gòzýaşyn gizĺàp
Òý durmuşy hakda gùrrùñ acdy ol
Ùc ogly bar eken.Ùcùsini hem
Faşistler bir dardan asypdyr bir gùn.

Azowyñ ýanynda.Don jeññelinde
Dereksiz ýitipdir ýene iki gyzy
Kempirem òlùpdir.Indi bir óýde
Dòrt diwar içinde ýalñyz bir òzi.

Soñ menden sorady:"Nàce çagañ bar?"
Diýdim:"Esliràk bar, ùc sany ogul
Şoncaragam gyz bar.Iñ tokarjamyz
Mekdepden attestat getirjek şu ýyl

Diñleýàr,guwanýar.Ýene soraýar
Men bolsa dùşnùksiz ýylgyrýan kem-kem.
...Şeýle ajap adam bagta màtàçkà
Adam òz bagtyndan utanjak eken


Awtor:Kerim Gurbannepesow
Okanlara we halanlara "minnetdar"🥰🥰
26
19
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.