Ejem...
Bu günem otyryn ýüregim gysyp
Kellede pikir kän, ýüzlerim asyk
Şol diyen zatlaryň bagryma basyp,
Bu alys ýerlerden ýazýaryn EJE
Ulaldy perzendiň cagalyk ýitip
Kakdylar egnime, döşümden itip
Arkamdan cyn bilen gybatym edip
Ýüzüme ýalandan gülýäler EJE.
Kaka söýgüsi..
Balam bir arkayyn ýaşasyn diýip
Kakaň başy gamdan doly gaýgydyr
Sen adam bol diýip ylgan köwşüniň
Her ýamasy ullakan bir söýgidir
Ejeň mähri baladan süýji bolsada
Kakaň ýylgyrşam bir başga duýgudur
Gazanç diyip ir gidip gic gelse-de
Şonuň özem ullakan bir söýgüdir