Bu dünýä düşüniň,
Onuň suwlarnyň
Ýokardan aşaga akyp gelşine.
Mekansyz, watansyz ördek-guwlaryň,
Keýpleri gelende göge galşyna.
Düşüniň bu dünýä, beýik alymlar,
Milýon böleklere bölüň atomy,
Böleklerden ýene bölek ýasaň siz,
Bütewi bolsa bor dünýäň adamy.
Biz beýik asyryň, beýik wekili,
Şatlyk bilen hesret duzun dadanlar,
Ýüzlenýäris alymlara: «Bölüň siz
Atomlary,
Bölünmesin Adamlar!»
Siz şahyrlar, ýamanlary dargadyň,
Oň üçin janyňyz aýamaňlar hiç.
Ýamanlyk atom däl gutarmaz ýaly,
Bölüň ýamanlygy gutarna deňiç.
Eý, alymlar, eý, şahyrlar dünýäsi,
Bir çen boldy, ýamanlygy owradyň!
Atoma öwrediň bölünmekligi,
Adamlara bütewligi öwrediň.
Gurbannazar Ezizow