ilhano_va
24.12.2023 11:20
I
Sen erkin bol!
Säher-saher saçyň ýaý!
Sen şat bolsaň, gözüňden nur saçylýar.
Aç sen oňat kitaplaryň sahabyn
Bil ýagşylyk, ýamanlygyň hasabyn.
Edepsiz sözüme öýkele sen, ýar,
(Käte size öýkelemek ýaraşýar).

Sen erkin bol!
Pikriň, duýgyň, ezýetiň,
Ýokarda ýyldyzyň, ýerde gözýetim.

Hemmesi diňe bir özüňki bolsun,
Diňe bir, diňe bir özüňki bolsun.
Sen erkin bol,
Soňky günüňe çenli,
Isle ýigren, isle-de söý geçenňi.
Çüňki birdir asman
Milliarddyr asman
Çüňki erkli güni bagtlydyr ynsan.
Sen erkin bol,
Bir gün ýaşama şowsuz!
(Hudaýam bar bolsa, seni ýalkasyn)
Ýöne mydam inçe biliňde bolsun,
Meniň gollarymyň mäkäm halkasy.

II
Bu zatlary oňarýarsyň neneňsi?
Ýogsa pikriň şeýle bolmakda-da däl.
Jaýa girseň, jaýyň içi birgeňsi,
Çyksaň, oňat dünýä, dünýä däl hyýal.
Täsin sesiň, gunça meňzeş sözleriň,
Seniň näzikligiň çäksiz göwrümi,
Sürme çalynmadyk tämiz gözleriň,
Mar saçlaryň nagyş kimin örümi! —
Sen pikir edeňok bular barada,
Bular öz-özünden bolýar-da gidýär.
Ýasama ýüz, ýasama söz arada.

Gezemsoň bilýärin gadryňy, dildar!
Men seniň sarpaňy saklaýan gaty
Oň üçin ýigitler gyýa bakmasyn,
Näziklik ýönekeý bolan pursaty —
Hudaý saklasyn!
Özümden soraýan: «Neçün, nämüçin
Sözlemeli dälmiş ýürek joşundan»
...Men şindem duýgymy açardym weli,
Gorkýan duşmadyklaň gözde ýaşyndan...

III
Sen otyrkaň, gaşym çytsam eger-de,
Sada ýaman sözler diýsem käýarym,
Sen umytdan gaçyp, galmagyn derde,
Men juda söýýärin, juda söýýärin.

Wokzal diňe duşuşyklaň ýeri däl,
Wokzal adamlaryň aýralyk ýeri.
Giderin
Hem uzak aralyklardan,
Aýralykdan seni ýeňip gelerin.
Iňrik ýere çöküp, ýakylsa çyra,
Saçyň sypamaga degmese elim
Seniň özüň düşünmeli ahyry,
Meniň başga yşga düşenmi, gülüm!

Ýürekde aýdym kän.
Elde az olar,
Aýdymym ýok il ýüzüne tutarlyk.
Seni unudýaryn.
Öwürme ýüzüň.
Düşünýärin — şunuň özem ýeterlik,
Ykbalyňa aglama sen gijeler.
Şol yşkym baglapdyr sypabilemok.
Gülüm düşülen ýol agyrdyr agyr,
Indem ondan asyl-asyl dönme ýok.

Dönme ýok şol yşkyň keçjallygyndan
Oň ýürege berýän melamatyndan,
Iňňe bolup bagra batan sözlerin
Dünýä çykyp eşek keramatyndan.
Gabanjaňlyk etme asyl yşkyma,
Senem sakla şol yşkymyň sarpasyn.

Çagamyň saçyny sypalan elleň
Gelip meniň saçlarymy sypasyn.
Häzir bolsa gije çene barypdyr,
Ownuk aladalaň unudyp baryn.
Meniň gaýragoýulmasyz işim bar,
Sen ýatyber, özüm seni oýaryn.

IV
Saňa goşgularmy okap berýärin,
Sen diýýäň nazarňy dikip nazara!
«Ýeri, nämä gerek şu zatlaň bary,
Başga zat kän ahyr ýazyp-bozara».
Söýgi setirinden çemenlik ýygyp,
Ýazýaryn. Men diňe şo bilen diri.
Bagtly bir özüdir öýtmesin ýigit,
Şahyrlaram bagtly bolýar ahyry.

Gurbannazar Ezizow
25
40
sazsoft
24 Dekabr 2023
"Söýgi setirinden çemenlik ýygyp,
Ýazýaryn. Men diňe şo bilen diri". 💗
sazsoft
24 Dekabr 2023
💗💗💗💗💗
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.