hajymyratt
24.12.2023 01:42
Galkyndyryp göwünleri,
Sowgat edip şat günleri,
Çözüp öýke düwünleri,
Hoş gelipsiñ Täze ýylym.

Bagt paýlap her ojaga,
Bereket indir saçaga,
Perzent mähre zar gujaga,
Ogul-gyz ber Täze ýylym.

Zym-zyýat bolsun gam-gussa,
Ryskyñdan ber näçe ýetse,
Mätäje ber esse-esse,
Meñ paýymdan, Täze ýylym.

Göwünler galsyn asmana,
Giñlik berginiñ pes-päle,
Süýjülik tortyn kesmäne,
Belent ruh ber Täze ýylym.

Arzuwlarym süýji-süýji,
Kem etmesin gurbat-güýji,
Saglyk bolup, başlañ täji,
Sowgatly gel, Täze ýylym.

Hajymyrat Goşaýew
15
13
sabyrly
24 Dekabr 2023
👍❤
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.