Bio_girl👩‍🔬💫
23.12.2023 23:05
Ermenistanyn yasayjysy yuk dasayjy awtomobillerin aralygynda 44gezek turnik cekip Ginnesin rekordyny tazeledi....


18 ýaşly ermenistanly Grigor Manukýan ýük daşaýjy awtomobilleriň aralygynda turnik çekmek boýunça Ginnesiň rekordyny täzeledi. Bu barada MIR 24 habar berýär. Munuň üçin ol kese guraly iki sany ýük daşaýjy awtomobiliň aralygynda berkitdi, haçan-da awtomobiller sagatda 5 km-den gowrak tizlik bilen hereket edip başlanlarynda Manukýan maşky ýerine ýetirmäge girişdi. Onuň rekordy 44 gaýtalama boldy. Ol Tasio Gawioliniň öňki rekordyndan tas 10 gaýtalama öňe geçdi.
Grigor Manukýan 8000 ilaty bolan kiçijik Talin şäherinden, ýöne ýaşaýjylaryň arasynda Ginnesiň rekordlar kitabyna girenler az däl.
Olaryň ählisini bir adam – Roman Sagradýan türgenleşdirýär. Ol mekdep mugallymy bolup, okuwçylara nähili rekord goýmalydygyny öz mysalynda görkezýär. Ýaňy-ýakynda ol 23 gezek turnik çekdi, ýöne kese guralyň deregine üç metr belentlikde saklanan dikuçaryň polozyny ulandy. Şondan bäri onuň üstünligi birnäçe gezek täzelendi. Häzirki wagtda iň gowy netije Grigor Manukýana degişli – bir minutda 36 gaýtalama.
50
118
loona_girl
24 Dekabr 2023
@alone_girl_05, gowy sn naili gülüm 🥰😘
loona_girl
24 Dekabr 2023
👀👂
okayjy
24 Dekabr 2023
Nämesi rekorda degişlikä 🤔
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.