Ýaşym ýaňyrajyk otuzdan ötdi.
Men täze dünýäniň täze zürýädy.
Ýöne weli, dostlar, maňa-da ýetdi
Şol köne dünýäniň
birje şapbady.
...Başymyza kagyz papak geýişip,
Ýagyş ýagsa ylgaşardyk daşary.
«Saňa gyzyl, maňa ýaşyl» diýişip,
Paýlaşardyk giden älemgoşary.
Çybykdan at ýasap, kagyzdan gamak,
Özümiz hem gamak kimin ýüwrerdik.
«Garrry mama ekýär!» diýip kömelek,
At jylawyn
Könegala öwrerdik.
Atam bir gün çagyrdy-da ýanyna,
Salgy berdi ýorunjaly bir peli.
Diýdi: «At çapyşyň ýarýar janyma,
Hany, ot ýygşyňam synap göreli!»
Ýitije oragym elime alyp,
Egnime-de atyp akja torbany,
Gyratyň bykynna bir gamçy çalyp,
Tozana garypdym bütin obany.
Orajygmy emelsizje oýnadyp,
Ýorunjany gyrçyldadyp kesýärkäm,
Tirkeş-tirkeş goýuşyma syn edip,
Kinniwanja dessejikler ýasýarkam,
Gökje-gökje, zire-zire güllerden
Aýagyma zerrejikler gaçýardy.
Ýüzlerçe kebelek ýüzlerçe ýerden
Ýüzlerçe gülleri ogşap gaçýardy.
Dykalap-dykalap, agzyny bogup,
Torbajygymy egne atan badyma,
Gulagmyň düýbüne bir şapbat degip,
Özümden gidenim düşýär ýadyma.
Tenimi parçalan ol gara penjäň
Eýesi
Kimdigin bilebilmändim.
Ortasynda gök pürçükli ýorunjaň
Ýüzin ýazlyp, gaýdyp galabilmändim...
Ýer-suw paýlananda bize ýetenmiş
Şol meni uranyň ýorunja peli.
Janajygna meň ýakamdan tutanmyş
Onuň gan dökmäge öwrenen eli.
Ýaşym ýaňyrajyk otuzdan ötdi.
Men täze dünýäniň täze zürýady.
Ýöne weli, dostlar, maňa-da ýetdi
Şol biweç dünýäniň
soňky şapbady.
Kerim Gurbannepesow