Diýdiler ölýärle gowy adamlaryň barysy
100% diýip biljek ýaşaýandyr ýarysy
Ýöne gaty üýtgäpdir öňki arassa pikirler
Kömek ýok hiç kimden azalypdyr şükürler
Ejizleseň saňa tarap köpelýändir pikirler
Töweregimiz gurşapdyr dost diýilýän tilkiler
Düýşümdäki ylhamym deňligi taparys diýdi
Göriplik bar diýemde agzyny ýaparys diýdi
Hiç haçan diýme dogan indi meňki bolmady
Ýykyldynmy täzeden tur Alla janyň almady
Ýetip bilmedik zadyňa çykarma ýaş gözüňden
Ýazgydam ýazgytdyr ýöne hereket seň özüňden
Ezraýylam salsa bir gün ýakaňdan çeňňegin
Ýok ýerden döränok durmuşdandyr her sözüm
Arkadanam urýan kän gutarmady olaryň sany
Dyz çöküp ýaşandan aýakda ölseň gowy dälmi??
Begmyrat.K.