Saparmyrat Ataýewiç Nyýazow 1940-njy ýylda Aşgabat etrabynyñ Gypjak obasynda doguldy. Milleti türkmen. Bilimi ýokary, hünäri inžener-energetik. Zähmet ýoluna 1959-njy ýylda başlady. 1967-nji ýylda Lelingradyñ politehniki institutyny tamamlandan soñ Büzmeýiniñ GRES-iniñ ussasy, uly ussasy bolup işledi. 1970-nji ýyldan 1985-nji ýyla çenli partiýa we sowet organlarynda jogapkärli wezipelerde işledi. 1985-nji ýylda ol Türkmenistan Ministirler Sowetiniñ Başlyklygyna bellendi, şol ýylyñ dekabrynda bolsa Türkmenistan Kommunistik partiýasynyñ Merkezi Komitetiniñ plenumynda TKP MK-nyñ birinji sekretarlygyna saýlandy. 1990-njy ýylyñ 27-nji oktýabrynda ählihalk saýlawlary netijesinde ol respublikanyñ prezidentligine saýlandy. 1991-nji ýylyñ maýynda Dünýä Türkmenleriniñ gumanitar birleşiginiñ prezidentligine saýlandy. S.Nyýazow ykdysady we syýasy ylymlaryñ doktary, professor, Türkmenistanyñ Ylymlar Akademiýasynyñ akademigidir. Halklaryñ arasyndaky dostlugy we parahatçylygy pugtalandyrmakda bitiren hyzmatlar göz öñünde tutulyp S.A.Nyýazowa birnäçe halkara abraýly baýraklar berildi. Saparmyrat Nyýazow Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyñ birinji laureatydyr. Ol Türkmenistanyñ iñ ýokary tapawutlandyryş derejesi bolan Türkmenistanyñ Gahrymany diýen hormatly adyñ we "Altyn Aý" medalynyñ 5 gezek eýesidir. 1995-nji ýylyñ ýanawynda geçirilen ählihalk referendumynda türkmen halky nobatdaky saýlawlary geçirmezden Prezidentiñ ygtyýarlyklaryny ikinji möhlete uzaltdy. 1999-njy ýylyñ dekabrynda bolan Halk Maslahatynyñ, Milli Galkynyş hereketiniñ we Ýaşulular maslahatynyñ bilelikdäki Mejlisinde SAPARMYRAT TÜRKMENBAŞYNY Türkmenistanyñ ömürlik Prezidenti diýip yglan edilýär. Ol 2006-njy ýylyñ 21-nji dekabrynda aradan çykýar.
"Saparmyrat Nyýazow heniz çaga wagty uruş sebäpli kakasynda, ýer titreme sebäpli ejesinden we doganlarynda aýrylyp ýetim galýar. Yeke galanlygy sebäpli ol babalarynda galmaly bolýar. Şol döwürlerde ol özi ýaly ýetim oglanlar bilen aýallaryñ çörek bişiren tamdyrlarynyñ içinde ýatar eken. Soñra ol internada okuwa gidipdir"