tmyigit76
21.12.2023 08:15
21-nji Dekabr. Türkmenistanyň ilkinji prezidenti, türkmen halkynyň hakyky Serdary Saparmyrat Türkmenbaşynyň aradan çykan we ýatlama güni.Ýatan ýeri ýagty, imany hemra, jaýy jennetde bolsun






Hiç wagt könelmeýän goşgy


SERDAR RUHNAMASY gudratly jady,
Tolgunyp buýsanyp ele alýaryn.
Her gezegem öwrenýärin köp zady,
Öwrenmek- bagt eken,
Indi bilýärin.

Asyl, bagtyň kän ckeni gönüşi,
Haýsy birin bijebaşy bellärin?!
Hem söydürip, hem süýjeldýän durmuşy
Bagt ekeni-
Ruhnamadan bilýärin.

Irden işe barýan iliň deňinde,
Yene il deňinde işden gelýärin.
Işe gidip-gelip ýönegem günde
Bagt ekeni --
Ruhnamadan bilýärin.

Käteler özümiň bolup ýörşüme
Kä gaharym gelse, kä uýalýaryn.
Dumaýanlygym hem şol bir durşuma –
Bagt ekeni-
Ruhnamadan bilýärin.

Dostumyň aýdan bir sowuk sözüne,
Hazan uran ýaly derrew solýaryn.
Dostlarymýylgyryp baksa ýüzüme-
Bagt ekeni-
Ruhnamadan bilýärin.

Agras agtyjagmy güldürjek bolup,
Özüm edil çaga ýaly bolýaryn.
Oturmaklyk balalarňa guwanyp-
Bagt ekeni-
Ruhnamadan bilyärin.


Ýazylsa asman dek, gysylsa -zyndan,
Elleri -bal, dili -tiken gül ýarym,
Her deminde saňa wepaly zenan,
Bagt ekeni -
Ruhnamadan bilýärin.

Gowynyň başyna düşende ölüm,
Gynanjymdan ýürek-bagrym dilýärin.
Özgäň awusyna awundym telim-
Bagt ekeni -
Ruhnamadan bilýärin.

Ýarag sesi çekdirenok teşwüşi,
Il-gün bilen arkaýyn demalýaryn.
Arkaýyn synlamak saýraýan guşy-
Bagt ekeni–
Ruhnamadan bilýärin.

Peýdalydyr herki zady ir bilmek,
Şeýledigni menem ýada salýaryn.
Adam bolup, Yeriň üstünde bolmak-
Bagt ekeni -
Ruhnamadan bilýärin.


Gurbanýaz Daşgynow
39
74
arazowa
21 Dekabr 2023
Gaşgyny haladym
sazsoft
21 Dekabr 2023
@gokgi, Ämin! 🙏
gokgi
21 Dekabr 2023
Allam jaýyny jennetden ruhyny şat etsin. Edilen aýat töwirler ruhyna barsyn🤲
sazsoft
21 Dekabr 2023
Jaýy jennetden bolsun! 🙏
sazsoft
21 Dekabr 2023
@medik_, ❤️
arazowa
21 Dekabr 2023
Hemişe yatlarys. Hakyky Serdar yureklerde yaşar
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.