garlawac
20.12.2023 15:46
Şäheriň her ýeri senli ýatlama
Enteşip ýör ýetim galan arzuwlam.
Dar göwnümde ýer galmandyr şatlyga
Öz-özüme galmaýşy deý arzymyň.

Höwesim ýok penjireden bakmaga
Birden aňyrsynda ýoklugyň mümkin
Umytsyz men yşk çyrasyn ýakmaga
Otagym garaňky, çekilen tutym...

Tükeniksizlikde hasrata duşup,
Ruhym ejizläpdir petiş içimde.
Gidäýesi geldi yzyna düşüp,
"72" köçämizden geçende...

Heniz baglar ýirtirmänkä reňkini,
Garaşma durnalaň güýze çykarna
Ähli güýjüm bilen söýýärkäm seni
Gel ezizim,
Baryn puja çykarma!

Ogulnur PIRJIKOWA,
33
84
sazsoft
20 Dekabr 2023
@garlawac_, Onuňam awtory Ogulnur :)
sazsoft
20 Dekabr 2023
@garlawac_, «Biznes-reklama" gazetiniň bir sanynda okap geçdim öz-ä ýaňy.

Kinämi ir-giçde ýeňjekdigime,
Goşgularňa siňip geljekdigime,
Ynan, bagtyň bolup biljekdigime,
Sabaňa düýş bolup oraşan wagtym.
sazsoft
20 Dekabr 2023
Ýaňyja okapdym menem 🥺
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.