gokgi
20.12.2023 15:00
Günlerde bir gün mugallym okuwçylara durmuş barada sapak alarlykly tejribe geçirip görmegi teklip edýär. Okuwçylar bu teklibi ikirjiñlenmän kabul edýärler. Mugallym:
- Diýmek, gepleşdik. Ertir ähliñiz ýanyñyz bilen bir kilogram kartoşka getiriñ!- diýýär.
Okuwçylar bu ýumuşa hiç hili düşünmedik bolsalar hem mugallymyñ tabşyran ýumşuny ýerine ýetirýärler. Mugallym synpa girende okuwçylaryñ hersiniñ partasynyñ üstünde düýnki sargydyñ taýýardygyny görýär. Mugallym olaryñ bilesigelji gözlerine mähirli seredip:
- Indi bolsa şu güne çenli bagyşlamadyk her bir jorañyzyñ ýa-da dostuñyzyñ adyny bir kartoşka ýazyp torba salyñ! - diýýär.
Käbir okuwça üç-dört sany kartoşka ýeterlik bolan bolsa, käbiri getiren kartoşgalarynyñ ählisine at ýazypdyr. Mugallym özüne bakýan soragly nazarlara seredip, tejribäniñ ilkinji şertini düşündirýär:
- Bir hepdäniñ dowamynda bu torbalary ýanyñyzdan aýyrmaly däl, öýde, okuwda, ýolda hemişe ýanyñyzda bolmaly.
Aradan bir hepde geçýär. Mugallym synpa giren badyna , ýumuşybir kemsiz ýerine ýetiren okuwçylar ýerli-ýerden närazylyklaryny aýdyp başlaýarlar.
"Mugallym bu torbany hemme ýere alyp gitmek örän kyn" diýýäni haýsy, "Kartoşkalar çüýräp başlady" diýýäni haýsy. Mugallym okuwçylaryna ýylgyryp, şeýle ündew beripdir:
- Görşüñiz ýaly biz başgalary bagyşlaman, aslynda özümizi jezalandyrýarys. Ruhumyzda agyr ýük götermäge mejbur bolýarys. Bagyşlamaga garşymyzdaky adama eglişik etmek diýip düşünýäris. Bagyşlamak, ilki bilen, özümize edýän ýagşylygymyzdyr!

Öýke - duşmanyñ,
akyl - dostuň.
35
143
sazsoft
20 Dekabr 2023
❤️
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.