ezizhan_hallyyew
19.12.2023 09:42
Gitmegin dünýämden menden uzaga
Söýen gözleriňi,görüp ýaşaýyn
Ömrüňde, bir güniň hasratda geçse
Gözleriň ýaşyna,siňip ýaşaýyn


Gitmegin, dünýämden menden uzaga
Üstüňe saýaň bolup ýaşaýyn
Pasyllaň içinde sen aňzak bolsaň
Gyşyň aňzagynda, doňup ýaşaýyn


Gitmegin,dünýämden menden uzaga
Seniň barlygyňy bilip ýaşaýyn
Dünýäň gujagynda gezseň şadyýan
Bagtyňa guwanyp gülüp ýaşaýyn


Gitmegin,dünýämden menden uzaga
Söýlen mertebämi duýup ýaşaýyn
Özge gözler meniň kalbyma siňmez
Seniň gözleriňi söýüp ýaşaýyn
35
77
nuranow
19 Dekabr 2023
@ezizhan_hallyyew, hmm özüň düzüdiňmikäň diýip soradym.Gowy goşgy eken👍
nuranow
19 Dekabr 2023
Özüň düzdüňmi
loona_girl
19 Dekabr 2023
Gowja goşgy👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.