Pikir etme mensiz ýaşamaz diyip,
Sen näme dem alýan tämiz howammy.
Senden öňem ýaşaýardym köp şükür,
Sen bolmasaň gyzgyn beden sowarmy.
Ýok sowamaz sen birjigem dert çekme,
Sebabi sensizem aýlanýa dünyä.
Menä öz başyma gezerim erkin,
sensizligem yeriň astyna çümýa.
Şoň ucin başarsaň geplemejek bol,
Özüňe mahsus däl uly sözleri.
Ýitiraýseň ökünersiň şol wagt,
Synar seni iki dünýaň serweri.
Awtory:Akmyrat Öwülýagulyýew.