garlawac
18.12.2023 23:56
“Salam, dostum, ýagdaýlaryň nähili,
Ejeň, kakaň, maşgalaňyz gowumy?
Şowhun bilen sowduňyzmy, sag-aman,
Aradaky iniňiziň toýuny?

Aý, meniňkem näsaglaryň haly-da,
Bir görseň-ä gowy, bir görseň erbet,
Men-ä, walla, dermandanam ýadadym.
(Şoňa baglydygmam çekdirýär ezýet)

Aramyzyň uzaklygna garaman,
Gaýta-gaýta gelýäň bilmäge halym...
Men bolsa diýipdim, birmahal saňa:
“Men sensizem öz başymy çararyn!”

“Unut geçenleri men-ä unutdym!”
Diýseňem geçmişi undup bilmedim,
Ah, dostum, bir pursat lezzet berse-de,
Sütem berýär halym sorap gelmegiň...

Geleňde, bir pursat giňeýär dünýäm,
Gubarly ýüregim barkaň gysanok.
Ýöne saňa edenlerimden ýaňa,
“Sag bol!” diýmäge-de bognum ysanok.

Eden dönükligmi bagyşlap bilmän,
Näletden gursagym baglady gemre
Maňa düşünýänsiň, (öňem düşerdiň...)
Haýyş edýän, dostum, yzymdan gelme!”

Şeý diýdi-de, sojap-sojap dem aldy,
Gözýaşlary çykdy dertleň kastyna,
Soňam hassa ýüzün berip aglady
Keselhanaň ysy siňen ýassyga.

© Gurbanmyrat MEREDOW
34
236
sazsoft
20 Dekabr 2023
@tim_, Bolýa
sazsoft
20 Dekabr 2023
@tim_, IMO-da maňa ýazsaňyz, özüm goşýan.
sazsoft
20 Dekabr 2023
@sabyrly, Meni IMO-da goşaýyň, men sizi topara özüm goşaryn.
sabyrly
19 Dekabr 2023
@garlawac_, hawwa kan bir giremok wagt tapdygymdan okamaga hökman girerin nesip bolsa grupbañyzy nådip taparyn men shony ýazyp galdyraýyñda yumus gormeseniz
sabyrly
19 Dekabr 2023
@garlawac_, başgalar dürli temalarda bäsleşik bary gecirýäler gatnaşyp göremok kän gabat gelýän bizem geçirmälimi tåze ýyla öz goşgusyny goýýan agzalarama gunde kopelip barýa has kämilleşmegmize galama batlyrak ýapyşmagmyza kömek bolardy
sabyrly
19 Dekabr 2023
@sazsoft, şunuñ ýaly talantly duýguly adamlary çekmelidå öwrenmelå
sazsoft
19 Dekabr 2023
@garlawac_, Bole 😁
sabyrly
19 Dekabr 2023
@sazsoft, ok sagboluñ
sabyrly
19 Dekabr 2023
@garlawac_, hakyky kabir adamlar şeýle bir goşgular ýazýar hatda şo dünýade ýaşaýan yaly ynandyrya seni
sazsoft
19 Dekabr 2023
@sabyrly, Öz durmuşy däldir-le. Habarlaşsam sorap görerin.
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.