ezizhan_hallyyew
18.12.2023 14:22
Oglan:
Şeýle bir owadan seniň gözleriň
Syrly bakyşlaryň lowlaýa-ýanýa
Kalbyňda ýerleşen söýgi ummanyň
Ähli syrlaryny bilesim gelýä


Şeýle bir owadan seniň gözleriň
Ýylgyrýan pursadyň gaýgydan dolýar
Çünki, dolup-daşan ,gaýgy-hasratlaň
Kalbyňy yzarlap gözleriňe siňýä


Şeýle bir owadan seniň gözleriň
Kaklyşan nazary jadylap bilýä
Gözlerňe bagyşlap goşgy ýazmak kyn
Sebäp,seň gözleriň jadyly dünýä


Şeýlebir owadan seniň gözleriň
Misli,pasyllaryň mähiri siňýä
Gözellik bar bolsa ýagty jahanda
Seniň gözleriňde bary jemlenýä


GYZ:
Bolsaň bolansyň, gözlerme aşyk
Goşgyňy ýazypsyň ýürekden joşup
Sen gözleň aşygy, ýazyber şahyr
Men bolsam,öz söýýän ,ýigdime aşyk.
36
81
kamil
18 Dekabr 2023
No happy end
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.