1897-nji ýylda nemes himigi Feliks Gofman rewmatizme garşy bejeriş serişdesini tapypdyr. Onuñ kakasy rewmatizmaden ejir çekensoñ, ol köp wagt ony bejermegiñ serişdesini gözläpdir. Asetilsalisilow kislotasynyñ bir özüniñ oña haýry degmändir, çünki onuñ täsiri has ýokary bolupdyr. Şonuñ üçin Gofman onuñ himiki arassa görnüşini döretýär. Bu täze alnan netijeli serişdäniñ hiç bir zyýanly ýeri bolmandyr. Gofmanyñ tapan dermanyny ilkinji bolup özünde synap gören adam onuñ kakasy bolupdyr. Şondan soñ ol özüni has ýeñil duýupdyr. Gofman özüniñ döreden bu serişdesini köpçülikleýin öndürmek üçin Bayer firmasyna teklip edýär. Şondan bäri hut şu günlere çenli rewmatizme garşy bu derman serişdesi "aspirin" ady bilen medisinanayñ hajatlary üçin giñden öndürilip gelýär. Aspirin gaty köp kesellerde peýda edýän derman hökmünde giñ ýaýran we giñden peýdalanylýan derman serişdesidir. Diñe bir ýurduñ, ABŞ-nyñ adamlary bir ýylda 16 müñ tonna aspirin içýärler. Göwreli we emdirýän aýallara aspirin içmek bolmaýar.