Kenno_Tabi
16.12.2023 11:02
SIZEM BIZ ÝALY MÖR-MÖJEK
(fantastiki hekaýanyň dowamy)

Soňra ekranda ýazgylar peýda bolup ugrady. "Muny galaktikamyzyň merkezi diýdiler. Aslynda bolsa bize şifr hödürlediler. Gün her ýyl 21-nji dekabrda şol nokatda ýer alýar. 2012-nji ýylyň 21-nji dekabrynda hem ýalan kyýamat habary hem bir şifrdi. Anyk haýsy ýyldadygny anyk bilmesekde 21-nji dekabrda gizlin güýçler özlerniň planlaryna başlarlar. Mawy yşyk (Bluebeam) atly planlaryna görä 21-nji dekabr güni asmandan galp Isa alaýhyssalamy düşirmek isleýärler. Olaryň Isa diýdikleri aslynda Dejjaldyr. Dejjal özüni hristianlara Iusus Hristos, musulmanlara Isa alaýhyssalam, hinduslara Kalki, otparazlara Saoşýant, ýewreýlere Moşiah we buddistlere Buddanyň gaýtadan dünýä gelen reinkirnasyýasydygyny habar berer. Soňra ol ähli dinleriň aslynda birdigni, özüniňem hakyky Hudaýdygny aýdar, dürli gudratlar görkezer, ol pitne gurnar we adamlary dogry ýoldan azdyrar..."
Mekan bu habarda Dejjalyň pitnesi barada giňişleýin maglumata eýe boldy.
Aradan köp wagt geçdi. Dejjal bireýýam geldi. Ol halklary özüniň Hudaýdygna ynandyrýardy. Oňa ynanmadyklar Mekge we Medine şäherlerine gaçyp gelipdiler. Olar onuň bir gözüniň kördüginden we maňlaýyndaky "käfir" sözünden ugur alyp, onuň Hudaý dälde Dejjaldygna göz ýetiripdiler. Mekan bolsa täze dosty Aly bilen Dejjalyň goşunyna garşy urşa çykypdy. Mekan söweşde ýesir düşdi.
Mekan jennet ýaly gözel ýerde gözüni açdy. Ol ýer mör-möjeklerden doludy. Mekan bu ýeriň jennet dãldigni bildi. Sebãbi Mekan tagtda oturan ýeke gözli Dejjaly gördi.
Dejjal oňa: "Jennetime hoş geldiň, Mekan" diýdi. Mekan bolsa: "Bu ýer jennet däl" diýdi.
Dejjal:
— Dogry. Bu ýer jennet dãl. Jennet we jãhennem sizi kontrola salmagym üçin oýlap tapan närselerim. Men hakyky Hudaý men ãhli dinleri, mukaddes kitaplary men döretdim, men ýazdym. Zews men, Indra men, Ahura Mazda men, Göktaňry men, Ýahwe men hat-da Alla hem men. Awesta, Bhagawad Gita, Töwrat, Zebur, Injil we Gurhanam men ýazdym.
Mekan:
— Men saňa ynanamok.
— Ynan maňa, maňa ynan men saňa ählisini subut edip görkezerin. Siz adamzat şu mör möjeklerden hiç hili tapawudyňyz ýok. Biologik tarapdan siz süýdemdiriji bolsaňyz hem sosial tarapdan mör möjeksiňiz. Mundan millionlarça ýyl ozal sizi Sirius ýyldyzynyň bir planetasynda öz ellerim bilen ýasadym. Şol wagt siz aseksual (jynssyz) jandardyňyz, sizde aň düşünje ýokdy. Soňra Biz halkymyz bilen altyn gözlegine çykdyk. Gün sistemasynda siziň Ýer atly planetaňyzy tapdyk. Men halkymdan bu planetanyň Hudaýy bolmagy haýyş etdim, olar razy boldy. Bu planetadaky maýmynpisint jandarlaryň genine siziň genden we mör möjekleriň geninden goşup sizi kämil jandar etdim. Bu ewolýusiýaňyzdy. Sizde aň we düşünje kemala gelip ugrady sizi kontrola salmak üçin men dinleri döretdim. Siz tutuş ömrüňiz dowamynda mör möjekler kimin ýaşaýarsyňyz. Doglanyňyzda ejelerňiz sizi gundaglaýar, şonda siz mör möjekleriň doly kemala gelmedik liçinkalaryna meňzeýäňiz. Başga süýdemdirijiler şu hereketi edýämi? Olaryň çagalary derrewjik kemala gelýär. Siz mör möjekler kimin gat-gat bolup ýaşaýarsyňyz, termitler ýaly belent jaýlar gurýaňyz. Söweşeniňizde hem mör möjekler ýaly söweşýäňiz. Gadymda urşujy esgerleriňiz tomzaklary ýatladýardy. Siz kyrkaýaga meňzeş poýezdlerde hereketlenýäňiz. Dikuçarlarňyz bolsa teneçirlerle meňzeýär. Siziň sosial toplumyňyz garynjalaryň we arylaryňka meňzeş synplara bölünen. Men Kuran diýen kitabymda olaryň atlary getirilen "Neml" we "Nahl" sürelerini getirdim. Haj süresiniň 73-nji aýatynda men şeýle diýdim: "Eý, ynsanlar! Bir mysal getirildi, indi şony diňläň! Siziň Alladan gaýry çagyrýanlaryňyzyň hemmesi bir ýere jemlenseler hem, hiç haçan bir siňegi-de ýaradyp bilmezler. Eger siňek olardan bir zady goparyp alaýsa, şony hem yzyna alyp bilmezler. (Çünki) isleýän hem ejizdir, islenilýän hem ejizdir." Meniň näme sebäpden siňegi mysal getirenimi gowy düşün! Perişdeler iki we dört ganatly görnişdedigi barada habarlar beripdim. Mör möjekler hem. Mekan seni ynandyrmak üçin isleseň seni öldürip we gaýta direldip görkezeýin.
Dejjal Mekanyň ýüregine gylyç sokdy. Mekan nähilidir bir ýumurtganyň içinden çykdy. Mekan häzir adam däl-de kebelekdi. Şol wagty onuň ýanyna ullakan bir siňek uçup geldi.
— Mekan men seni şu ýere ugradan hakyky Hudaý. Ynha bu ýer bolsa hakyky dünýä. Sen ýalan dünýäde gurçuk kimin ýaşadyň. Bu görýäniň ýumurtga däl bu pile. Sen indi pileden çykyp kebelege öwrüldiň. Görşüň ýaly sizem biz ýaly mör möjek. Indi sen maňa iman ederiň ýaly seni ýene ýalan dünýä ugratjak, ýagny seni direltjek.
Mekan gözüni açdy indi ol ýene adamdy. Özüni Hudaý diýýän Dejjal oňa bir gylyç berdi.
— Mekan ynha şu gylyjy al. Sen maňa iman getirde, maňa garşy çykanlary şu gylyç bilen öldür!
Mekan gylyjy alyp oňa siňe seretdi. Mekan: "Sen hiç hili hakyky hudaýam däl, sen Dejjalam hat-da şeýtanam däl. Men seniň kimdigiňi indi tanadym. Sen Beýelzebub" diýdi-de gylyç bilen ony öldürdi. Çyndanam ol Dejjal däl eken. Eger ol Dejjal bolanda ölmezdi. Sebäbi Dejjaly Isa alaýhyssalam öldürmelidi...
Mekan şeýtanyň we Beýelzebubyň ugradan güýçli tolkunyndan çykmagy başardy. Soňra Mekan Medine şäherine geldi. Ol ýerde Mekan Isa alaýhyssalam we Mäti bilen duşuşdy.

soňy

© Baýramgylyç SAPARGYLYJOW
38
143
zoluska
16 Dekabr 2023
Äjit Mäjitler her gün gije dagy düşmek üçin synanyşýarlar ýöne irden Azan sesi eşidilende dağ ýene öňki ýagdaýa gelýän eken we çekinmeli bolýan ekenler. Şonuň üçin Azan gygyrylmasy bes edilende Äjit Mäjitler çykýar diýilýär!
Kenno_Tabi
16 Dekabr 2023
@genich, Barboluň!
Kenno_Tabi
16 Dekabr 2023
@genich, Şükür alhamdulilla. Siz gowmy?
Kenno_Tabi
16 Dekabr 2023
@aloevera, Geliň, garaşýas 😁🍾🍷
Kenno_Tabi
16 Dekabr 2023
@genich, Waleýkimsalam
aloevera
16 Dekabr 2023
@billygenius98, Täze ýyla myhmançylyga bararys grupba😄
Kenno_Tabi
16 Dekabr 2023
@aloevera, Tüweleme 😁
aloevera
16 Dekabr 2023
@billygenius98, gahar edip çykyp gaýtdym. Gyzlar bolup grupba açdyk😁
Kenno_Tabi
16 Dekabr 2023
@aloevera, Barmyňaý? Grupbada görneňoga?
aloevera
16 Dekabr 2023
@billygenius98, şakalad
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.